20 ýyldan soň öňki toparyna tälim bolup dolandy

Fransiýanyň PSŽ topary täze tälimçisini resmi ýagdaýda mälim etdi. Argentinaly meşhur hünärmen Maurisio Poçettino toparyň täze tälimçisi boldy. Bu barada ozal metbugatda dürli habarlar çykypdy. 48 ýaşly tälimçi parižliler bilen 2 ýyllyk, ýagny 2022-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. PSŽ onuň tälimçiliginde ilkinji duşuşygyny 6-njy ýanwarda “Sent-Etieniň” garşysyna geçirer.

Poçettino 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri hiç bir topara tälim berenokdy. Tälimçilik karýerasyna 2009-njy ýylda “Espanýolda” başlan Poçettino 2012-nji ýyla çenli bu toparda işledi. 2013-2014-nji ýyllarda “Southemptona”, ondan bäri-de 2019-njy ýyla çenli “Tottenham” toparyna tälim berdi.

Ol futbolçylyk ýyllarynda “Newell’s Old Boýz” (19891994), “Espanýol”(19942001, 20042006), PSŽ (20012003), “Bordo” (20032004) toparlarynda oýnady. Şeýlelikde, PSŽ bilen 2001-nji ýylda futbolçy mahaly şertnama baglaşan Poçettino 20 ýyldan soň ýene-de şol kluba tälimçi bolup dolandy.

The post 20 ýyldan soň öňki toparyna tälim bolup dolandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Çelsiniň” täze tälimçisi belli boldy
Poçettino “Pari Sen-Žermeniň” baş tälimçisi boldy
Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
PSŽ soňky 10 minutda ýeňildi, “Monako” çempionlyk ýaryşyna goşuldy
“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady
"Pari Sen-Žermene" Poçettinonyň tälimçilik etmegi mümkin