1 sagatda 2 rekord

Ýeňil atletika boýunça geçirilen

Göwher liganyň (Diamond League) nobatdaky tapgyrynda 2 rekord hasaba

alyndy. Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen ýeňil atletika bäsleşikleriniň

birinde, has takygy, 1 sagat ylgaw ýaryşynda britaniýaly ylgaýjy Mo Farah dünýä rekordyny goýdy. Ol 1 sagadyň

dowamynda 21 330 metr aralygy geçip, efiopiýaly Haýle Gebreselassiniň 2007-nji ýyldaky rekordyny

täzeledi (21 285 m). Şeýle-de şu ýaryşyň dowamynda belgiýaly Başir Abdi 20 000 metr aralygy 56 minut 20,2

sekuntda geçip, ol hem Haýle Gebreselassiniň 2007-nji ýyldaky rekordyny täzelemegi başardy (56 minut 26 sekunt).

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi
Transfere iň köp pul harçlan 10 çempionat
Elektron sportunyň taryhy
Ýaşlaryň arasynda “Barselona”