Ýaşlaryň arasynda “Barselona”

2013-nji ýylda ýola goýlan UEFA Ýaşlar ligasynda (UEFA Youth League) “Barselona” topary çempion boldy. Çempionlar ligasyna gatnaşýan toparlaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky ýaryşyň finalynda “Barselona” topary Angliýanyň “Çelsi” klubuny 30 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ispan toparyna ýeňiş getiren gollary Markes (33, 52) bilen Ruis (90+2) geçirdi.Bu ýeňiş “Barselonanyň” 2-nji çempionlygy bolup, olar ilkinji möwsümde-de çempion bolupdylar.5-nji gezek geçirilen UEFA Ýaşlar ligasynda toparlar Çempionlar ligasyndaky klublar haýsy toparça düşse, olaram şol toparçada çykyş edýärler.

Soňra utulan-çykdy oýunlary geçirilip, final duşuşygy-da UEFA-nyň merkezi edara binasynyň ýerleşýän şäheri Nionda oýnalýar. Şu wagta çenli “Çelsi” (2014/15, 2015/16) bilen “Barselona” (2013/14, 2017/18) 2 hem-de “Red Bull Salsburg” (2016/17) 1 gezek çempion boldy.

Ýene degişli makalalar

60 ýyl soň gazanylan ilkinji kubok
TÝL - 2021: "Şagadamy" ýeňen "Altyn asyr" "Ahal" bilen aralygy 5 utuga çenli açdy
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Gresiýanyň golaýynda ýanýan ulugämide 11 adam dereksiz ýitdi
Ysraýylda Toyota Prius we Hyundai Ionic ulaglarynyň satuwy bes edildi
Gün panelleri bilen yşyklandyrylar