1 trillion dollarlyk bina

Saud Arabystanynda gurulmagy meýilleşdirilýän 1 trillion dollarlyk bina barada täze maglumat ýaýradyldy. “Mirror Line” atly äpet binanyň içine bäş million adam sygar.Bu bina barada geçen ýylyň ýanwarynda Saud Arabystanynyň Mirasdüşer şazadasy Muhammed Ben Selman maglumat beripdi we binanyň çölde gurulýan “Neom” atly şäheriň bir bölegi boljakdygyny mälim edipdi.Täze berlen maglumata görä, “Mirror Line” bir-birine parallel iki binadan ybarat bolup, uzynlygy 487 metre ýeter.

Binanyň içinde sarp edilýän energiýa arassa çeşmelerden üpjün ediler.“Wall Street Journal” neşiriniň habaryna görä, ägirt uly taslama tamamlanandan soňra bu ýerde bäş million adamyň sygjakdygy we binalaryň aşagynda ýokary tizlikli otly ýolunyň boljakdygy aýdylýar. Şeýle hem binalaryň aşagynda ýahtalar üçin deňiz duralgasy hem-de 304 metre belentliginde stadion bolar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar
Global haryt dolanyşygy iýul aýynda birden pese gaçdy
Google Hytaýda Google Translate hyzmatynyň işini bes etdi
Ilon Mask Ýanan saçlar atly parfýum çykardy we eýýäm 2 mln dollarlyk sargyt aldy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy