Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy

Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy

Amerikan işewüri, milliarder Ilon Mask öz şäherini gurmakçy bolýar, bu barada The Wall Street Journal neşirine salgylanýan News.ru ýazýar.

Gurluşyk işleri golaýda telekeçiniň ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäheriniň eteginde satyn alan ýerinde başlanar.

Şäher, Maskyň we onuň kompaniýasynyň işgärleriniň suratlandyrmagyna görä, Kolorado derýasynyň ýakasynda ýerleşer, ol ýerde Maskyň işgärleri işläp hem dynç alyp bilerler. Şäher işewüriň ol ýerde gurulýan SpaceX we Boring Company kompaniýalarynyň binalary bilen utgaşyklykda bina ediler. Ol ýerde eýýäm modul öýler toplumy, howuz, açyk meýdandaky sport zolagy we türgenleşik zaly bar.

Tehas ştatynyň kanunçylygyna görä, täze şäheri resmi bellige aldyrmak onuň ilat sanynyň 201-den geçýän ýaşaýjysy bolan wagtynda mümkindir. Emma ştatyň edarasy häzir Maskdan bu babatda degişli ýüztutma almandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi
Pikiri okaýan emeli aň
Mask “Tesla”-nyň baş direktory wezipesine mümkin bolan oruntutaryny saýlady
Dünýäniň iň garry pişigi
Çempionyň 50-nji ýeňşi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy