Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Doland Tramp Respublikaçylar partiýasyndan ýurduň ştatlarynyň 14-sinde geçen başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu barada Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Izwestiýa habar berdi.

Habarda super-sişenbäniň çäklerinde öňki amerikan lideriniň Wirjiniýada, Demirgazyk Karolinada, Tehasda, Tennesside, Mende, Arkanzasda, Alabamada, Massaçusetsde, Koloradoda, Kaliforniýada, Minnesotada, Alýaskada we Ýutada respublikaçy-delegatlaryň goldawyny alandygy aýdylýar.

Trampyň esasy garşydaşy, ABŞ-nyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Nikki Heýli diňe Wermontda ýeňiş gazandy.

Super-sişenbe ABŞ-da başlangyç saýlawlary guramakda iň möhüm görnüşleriň biri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Gyşky synagdan geçirdi
Finala ýeňillik bilen çykdy
Ikisiniň hem 2-nji ýeňşi
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Asly türkmenistanly ABŞ-nyň gözellik bäsleşiginde çykyş edýär
Türkmenistanly emigrant ABŞ-nyň gözeli-2018 bäsleşiginde Ýuta ştatyna wekilçilik etdi