10 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýär

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Braziliýada geçirilen metbugat ýygnagynda Ýewropa Bileleşiginiň Latyn Amerikasyna 10 milliard ýewro maýa goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ilki bilen bu maliýe serişdeleri, howanyň üýtgemegine garşy göreşe, ýaşyl energiýany we sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça taslamalara gönükdiriler.

Bu maliýeleşdirme goşmaça hususy maýa goýumlaryny çekmek üçin esas bolar. Mundan başga-da, seýrek duş gelýän magdanlary gazyp almak pudagynda Braziliýa bilen strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy habar berildi. Bu hyzmatdaşlyk iki yklymyň bu möhüm baýlyklar üçin zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Çünki bu hyzmatdaşlyk ýaşyl ykdysadyýete geçmekde möhüm rol oýnaýar.

Ýene degişli makalalar

Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit
Latyn Amerikasyna 45 milliard ýewro maýa goýmakçy
Putin Bombalamagy Bes Etsin, Ýaraşyk Gepleşikleri Başlasyn
ÝB Russiýa garşy almaz söwdasyny hem öz düzüminde jemleýän 12-nji sanksiýa bukjasyny kabul etdi
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar