10 minutda 100% zarýad beriji tehnologiýa

Hytaýly smartfon öndürijileri 10 minutyň içinde smartfonyň batareýasyny noldan 100%-e çenli dolduryp biljek çalt zarýad beriş tehnologiýasynyň üstünde işleýärler.Häzirki wagtda smartfon batareýasyny 6 minutda 0%-den 80%-e çenli zarýad berip biljek çalt zarýad beriş tehnologiýasy işlenip düzüldi.

Emma häzire çenli şeýle batareýaly telefonlaryň önümçiligi ýola goýulmady.Geljekde has ýokary kuwwatly çözgütler çykarylar. Çalt zarýad bermek tehnologiýasy 210W bilen çäklenmez.Smartfonlar uzak wagt bäri satylýan hem bolsa, enjamlaryň kiçi göwrümi sebäpli gysga wagtda zarýad berýän tehnologiýany dörtmek aňsat däl.

Sebäbi, kiçi batareýa çalt gyzýar.Bu bolsa batareýanyň ulanyş möhletini azaldýar.Inženerler smartfonlara zarýad beriş wagtynyň 10 minutdan az bolmagynyň aladasyny edýärler. Şu ýylyň iýul aýynda satuwa çykarylan “iQOO 10 Pro”-da bary-ýogy 10 minutda 4700mA/sagat batareýany doly zarýad berip bilýän aşa çalt 200 watlyk güýçlendiriji bar.

Golaýda müşderilere ýetiriljek “Redmi Note 12 Pro +”-yň 210 watt zarýad bermegine garaşylýar.

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Netijeli hyzmatdaşlyk Watanymyzyň depginli ösüşiniň girewidir
Näme sebäpden biz yssyda oňat uklap bilmeýäris?
Elwan Amerikaly Kärdeşi Ýellen Bilen Duşuşdy
Türkiýede tokaý ýangynlary möwç alýar
Çal we gaharlynyň 10-njy bölüminiň görkeziljek wagty belli boldy
Awokadonyň eksporty tanzaniýalylara garyplygy ýeňmäge kömek eder