10 ýewrodan halkara otly petegi satylyp başlandy

10 ýewrodan halkara otly petegi satylyp başlandy

Niderlandlaryň “GoVolta” demir ýol kompaniýasy geljek ýylyň martyndan başlap, Amsterdam-Berlin aralygynda arzan bahaly gatnawy ýola goýar.Hepdede üç gün gatnajak otlynyň petekleri ilkinji 100 ýolagça 10 ýewrodan satylar.

Petekler eýýäm satlyga goýuldy.Amsterdam-Berlin (sişenbe, penşenbe, ýekşenbe) we Amsterdam-Hamburg (duşenbe, çarşenbe, anna) şäherleriniň arasynda ýola goýuljak syýahatyň petekleri ilkinji ýüzlüge girip bilmedik ýolagçylar üçin hem o diýen gymmat bolmaz. “GoVolta” petegiň bir tarapynyň bahasynyň ortaça 30 ýewro boljakdygyny mälim edýär.

Tomus aýlarynda başlap ýokarda agzalan iki ugurda hem gündelik gatnaw ýola goýlar.Her otly 820 orunlyk bolar. 2026-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap, Pariže hem gatnaw ýola goýlar.

Otlular ýokary tizlikli bolmaz.Mysal üçin, aralygy 650 km töweregi bolan Amsterdam-Berlin aralygynda syýahatyň dowamlylygy 8 sagada golaý bolar.

Ýene degişli makalalar

Syýahatçylygyň ösen şäherleri
Stambul howa menzili Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
Anna Frankyň öýüne 3D syýahat
Kristi ilkinji söwdasyny amala aşyrýar
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim Gidimli Howa Menzili Boldy