10 ýyldan soň ýurduna dolandy

Portugaliýaly meşhur futbolçy Žoao Moutinio 10 ýyldan soň ýurduna dolandy.Soňky 5 möwsümi “Wulwerhempton” klubunda oýnan 36 ýaşyndaky ýarymgoragçy ýurdunyň “Braga” kluby bilen geljek ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. 2004-nji ýylda “Sportingde” futbola başlan “Moutinio” 2010-njy ýylda “Porto” toparyna transfer bolupdy. 3 möwsümden soňam “Monako” bilen şertnama baglaşan Moutinio fransuz klubunda 5 möwsüm çykyş etdi.

Ol umumylykda klublarda 860 oýunda 59 gol geçirdi.Portigaliýanyň ýygyndysynda-da 146 gezek meýdança çykan Moutinio 7 goly öz adyna ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

10 ýyldan soň ýurduna dolandy
Iki meşhur oýunçy “Premier Liga” dolandy
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi belli boldy
“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy