Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer

Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer

Sentýabr aýynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň häzirki çempiony Ahal futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryna girişer.Aziýanyň Futol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçiriljen bije çekişligiň netijelerine görä, Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki topar yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň A toparçasynda Özbegistanyň Pahtakor, Saud Arabystanynyň Al-Feýha we Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýn toparlary bilen güýç synanyşar.

Bije çekişlikden soň AFK ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň geçiriljek günlerini hem kesgitledi. Senanama görä, Ahal futbol topary yklym ýaryşynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 19-njy sentýabr güni Aşgabat köpugurly sport toplumynda Saud Arabystanynyň Al-Feýha topary bilen geçirer.

Soňky ýyllarda Saud Arabystanyna wekilçilik edýän toparlaryň düzümlerini güýçlendirmek üçin ummasyz serişdeleri sarp edip, dünýä ýyldyzlaryny özüne birleşdirýändigini futbol janköýerleri bilýändir.Al-Feýha hem ozal Gresiýanyň PAOK, Belgiýanyň Standart toparlarynda çykyş eden Goýko Smirot, Şotlandiýanyň Reýnjersiniň we Russiýanyň Spartagynyň ozalky hüjümçisi Feşn Sakala, Portugaliýanyň Bragasynyň ozalky ýarym goragçysy Rikardo Riller, Serbiýanyň Srwena Zwezdasynyň ozalky hüjümçisi Milan Pawkow, Türkiýäniň Galatasaraýynyň, Angliýanyň Ewertonynyň, Gresiýanyň Olimpiakosynyň ozalky hüjümçisi Genri Onýekuru, Türkiýäniň Trabzonsporunyň ozalky hüjümçisi Entoni Nwakaeme, Serbiýanyň milli ýygyndysynyň, Angliýanyň Nottingem Forestiniň, Portugaliýanyň Sportinginiň ozalky derwezeçisi Wladimir Stoýkowiç ýaly dünýä ýyldyzlaryny düzüminde saklaýan güýçli toparlaryň biri.

Hatda, ony toparçada Ahalyň iň güýçli garşydaşlarynyň biri hasaplap bileris.Türkmen topary yklym ýaryşyna dünýä ýyldyzlaryny Aşgabatda jemlejek jogapkärli duşuşyk bilen girişer.

3-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyryň duşuşygynda bolsa Ahalyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýn toparynyň myhmany bolmagyna garaşylýar. Niderlandly tälimçi Alfred Shlýoderiň şägirtleri ýerli çempionatyň geçen möwsüminde ikinji orna mynasyp bolup, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar.

Ahal üçünji tapgyryň duşuşygyny hem myhmançylykda geçirer. 24-nji oktýabrda boljak şol duşuşykda Özbegistanyň çempiony Pahtakor topary ýurdumyzyň çempionyny kabul eder.Pahtakoryň hem Özbegistanyň iň meşhur we iň şöhratly topardygyny aýtmak gerek. 7-nji noýabr güni Ahal Pahtakory Aşgabatda kabul eder. Şondan soň Serdar Geldiýewiň şägirtleri 28-nji noýabrda Saud Arabystanynda Al-Feýha bilen güýç synanyşarlar.

Ahalyň toparçalaýyn tapgyrda ahyrky duşuşygy 5-nji dekabrda Aşgabatda BAE-niň Al-Aýn topary bilen bolar.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023 ― 2024-nji ýyllardaky möwsüminiň toparçalaýyn duşuşyklarynyň ählisi 13-nji dekabra çenli tamamlanar. Ýaryşyň 1/8 final duşuşyklary bolsa geljek ýylyň fewral we aprel aýlarynda geçiriler.

Bu tapgyra ähli toparçalaryň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelänleriň iň gowy üçüsi gatnaşar.Mahlasy, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň häzirki möwsümi 2024-nji ýylyň 11-nji we 18-nji maýynda geçiriljek final duşuşyklary bilen tamamlanar.

Häzir 40 topary öz içine alýan AFK-nyň Çempionlar ligasy ilkinji gezek güýz ― ýaz ulgamynda geçiriler. Ýaryş indiki möwsümden bolsa 24 topar bilen geçirilip başlanar. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi geljek ýylda dünýäniň klublaýyn çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Ahalyň bu ýaryşa taryhynda ikinji gezek gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Serbiýanyň ýygyndysy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
Sportuň taryhynda bu hepde
Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi