100 megapiksellik foto enjam

“Hasselblad” şereketi howada fotosurat almak üçin niýetlenen 100 megapiksellik “Hasselblad A6D-100c” atly täze foto enjamyny öndürdi.Her bir fotosuratçynyň oý-hyýalyny amala aşyrýan foto enjamy taýýarlamakda uly üstünlik gazanan “Hasselblad” iki ýyl öň, “Hasselblad A5D” görnüşini öndüripdi.

Olar täze önümi bilen howa fotosuratçylygy bilen meşgullanýanlaryň ünsüni çekmegi maksat edinýär.Bu foto enjam 100 megapiksel sensor aýratynlygy bilen 11,600 x 8,700 piksel durulykda surata düşürip, sekuntda 30 kadr 4K ölçegde Full HD wideo şekili ýazga geçirmäge ukyply.

Onuň ýagtylyga duýgurlygyny (ISO derejesini) 12,800-e çenli artdyryp bolýar. 128 GB-lyk ýadyna 576 surat ýerleşdirmek mümkinçiligi bolan “Hasselblad A6D-100c” HC we HCD obýektiwleri bilen sazlaşykly işleýär.

Ussat fotosuratçylar üçin niýetlenen bu enjamyň bahasy 32,995 $.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Ýurduň obasenagat toplumy täze oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görýär
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Holliwud Kino tankytçylary birleşigi geçen ýylyň iň gowy filmini saýlady
Türkmenistan bilen UNIDO HCFC-nyň ulanylyşyny azaltmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär