Holliwud Kino tankytçylary birleşigi geçen ýylyň iň gowy filmini saýlady

Holliwud Kino tankytçylary birleşigi geçen ýylyň iň gowy filmini saýlady

Režissýor Emirald Fennelliň Umyt berýän ýaş zenan (Promising Young Woman) filmi Holliwud Kino tankytçylary birleşiginiň (HCA) garaýşy boýunça 2020-nji ýylyň iň gowy filmi diýen ada eýe boldy.Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Tankytçylar filmiň ssenariýasynyň özboluşly hem gowy ýazylandygyny bellediler.Filmiň baş gahrymany Keri Malligan iň gowy aktrisa hökmünde baýrak aldy.Aýry-aýrylykda Çarwalaryň ýurdy (Nomadland) filmi üçin Hloýa Çžao, Metalyň sesi (Sound of Metal) filmi üçin Darius Marder iň oňat režissýor hökmünde baýrak aldylar (HCA erkek we zenan režissýorlara aýratynlykda baýrak gowşurýar).

Holliwud Kino tankytçylary birleşiginiň baýragy “Altyn globus” we “Oskar” bilen deňeşdirilende, gaty ýaş.Ol kino pudagyndaky şahsyýetleriň dürli nukdaýnazaryny goldamak maksady bilen, ýaňy bir 2016-njy ýylda döredildi.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
100 megapiksellik foto enjam
Ýurduň obasenagat toplumy täze oba hojalyk möwsümine taýýarlyk görýär
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Türkmenistan bilen UNIDO HCFC-nyň ulanylyşyny azaltmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär