100 million ulag öndürdi

Günorta Koreýanyň Hyundai kompaniýasy esaslandyrylmagynyň 57-nji ýylynda 100 millionynjy ulagyny öndürdi.Kompaniýa 50 millionynjy ulagyny 2013-nji ýylda öndüripdi.Bu bolsa, kompaniýanyň häzire çenli öndüren ulaglarynyň ýarysyny soňky 11 ýylda öndürendigini aňladýar. 1967-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa 1978-nji ýylda 5 millionynjy ulagyny çykarýar.

Bu bolsa, koreý brendiniň soňky ýyllarda has ýokary ösüş gazanandygyny görkezýär.Bu şanly sene mynasybetli Günorta Koreýanyň Ulsan zawodynda öndürilen 100 million 1-nji ulag Hyundai Ioniq 5 dabaraly ýagdaýda eýesine gowşuryldy. 1968-nji ýylda açylan bu önümçilik desgasy koreý awtoulag senagatynyň dünýä inen ýeri hasaplanýar. 1975-nji ýylda köpçülikleýin önümçilige goýberilen ilkinji koreý ulagy bolan Ponty hem bu ýerde öndürilipdir.

Mähri DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY
11.09.2019 | Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy
Skripkaçy, altçy we pianinoçy zenan konsert bermegi niýet etdiler...
Sportuň taryhynda şu gün 21-nji oktýabr
“Altyn Asyr” bassyr ýedinji çempionlygyny gazandy
Moldowanyň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi