101 ýaşly türgeniň 17-nji altyn medaly

Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde dowam edýän Bütindünýä weteranlar oýny sport şüweleňinde özboluşly waka boldy. 100 metr aralyga ylgamakda hindistanly Man Kaur altyn medal gazandy. Ýaşuly türgen 100 ýaşdan ýokary diýlen ugurda ýeke özi ýaryşa gatnaşyp, ol 100 metr aralygy 1 minut 14 sekuntda tamamlady. Ýeňil atletika mundan 8 ýyl ozal, ýagny 93 ýaşynda başlan Man Kaur öz döwürdeşleriniň arasynda karýerasyndaky 17-nji altyn medalyny gazandy. 101 ýaşyndaky türgen 30-njy aprelde tamamlanjak Bütindünýä weteranlar oýnunda naýza hem-de gülle zyňmak ýaryşlaryna-da gatnaşar.

Bütindünýä weteranlar oýny 1985-nji ýyldan bäri her 4 ýyldan bir gezek geçirilýär.Oňa ýaşy 35-den ýokary bolan türgenler gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
Radukanu tennise dolanýar
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
“Real Madrid” 4-nji gezek FIFA Interkontinental Kubogynyň eýesi
Dünýäde täze ýyl garşy alyndy