103 günlük aratapawut bilen 6 gün öň täzelenen rekordy täzeledi

/* custom css */ .td_uid_19_60d12a3011f75_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60d12a3011f75_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Deňme-deňlikde tamamlanan (1-1) Ispaniýa bilen Polşanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda Ýewropa çempionatynyň rekordy hasaba alyndy.

Oýnuň 55-nji minutynda Polşanyň düzüminde Mateuş Klihiň ornuna giren Kasper Kozlowski meýdança girdi. Şeýlelikde, Kozlowski 103 günlük aratapawut bilen Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda çykyş eden iň ýaş futbolçy rekordynyň eýesi boldy.

Ol 17 ýaş 246 gün bilen rekordy öz adyna geçirdi (16.10.2003).Ol bu ugurda şol duşuşykdan 6 gün öň oýnalan Angliýa-Horwatiýa duşuşygynda rekord goýan iňlis futbolçysy Jud Bellingamyň (17 ýaş 349 gün) rekordyny täzeledi.

Mälim bolşy ýaly Bellingam Niderland futbolçysy Jetro Willemsiň 2012-nji ýylda goýan rekordyny öz adyna geçiripdi (18 ýaş 71 gün).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
Niderlandlaryň medeniýeti
“Christie’s” auksionyna Rembrantyň kartinalary satyldy
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar