Iň gymmat goragçy

Iň gymmat goragçy“Premier liganyň” wekili “Liwerpul” topary çempionatyň başga bir kluby “Southemptondan” gollandiýaly goragçy Wirgil Wan Diýki rekord baha transfer etdi. “Mersisaýdlylar” 26 ýaşly oýunçy üçin 85 million ýewro töläp, ol futbolyň taryhyndaky iň gymmat goragçy diýlip, hasaba alyndy.

Ondan öňki rekord şu möwsümiň başynda 57,5 million ýewro baha “Monakodan” “Mançester Sitä” geçen Benžamin Mendä degişlidi.Gollandiýanyň “Willem II” we “Groningen” toparlarynyň ýaşlar düzüminde oýnan Wan Diýk 2013-nji ýylda “Seltige” (3 million ýewro), 2015-nji ýylda-da “Southemptona” (15,7 million ýewro) transfer bolupdy.

Forlan GonkongdaUrugwaýly hüjümçi Diego Forlan karýerasyny Gonkongda dowam etdirer. 38 ýaşyndaky oýunçy Gonkongyň “Kitçi” topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy.Ol 10-njy ýanwarda toparyň düzümine goşular.

Karýerasy boýunça “Independiente”, “Mançester Ýunaýted”, “Wilýarreal”, “Atletiko Madrid”, “Inter”, “Internasional”, “Serezo Osaka”, “Penýarol” ýaly klublarda oýnan Forlan soňky sapar Hindistanyň “Mumbaý Siti” toparynda çykyş edýärdi.Ol milli ýygyndy bilen 112 oýunda 36 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Forlan Gonkongda
“Çelsi” Kaisedodan soň ýene bir oýunçyny düzümine goşdy
“Tottenhamyň” 50, “Nýukaslyň” 46 million ýewrolyk täze transferleri