Bu gezek Messi sanawda ýok

Dünýäde futbol ýaryşlarynyň iň uly guramaçysy FIFA 1991-nji ýyldan bäri ýylyň iň gowy oýunçysyna baýrak gowşurýar.Bu abraýly sylag 2009-njy ýyla çenli FIFA dünýäde ýylyň oýunçysy (FIFA World Player of the Year) ady bilen berildi. 20102016-njy ýyllar aralygynda-da “France Football” žurnalynyň “Ballon d’Or” baýragy bilen bileleşip, “FIFA Ballon d’Or” ady bilen gowşuryldy.

Soňky ýyllarda düşünişmezliklerden soň, 2016-njy ýylda ýene-de öňküsi ýaly baýrak 2-ä bölündi. “The Best FIFA” (FIFA-nyň iň gowulary) ady bilen berlip başlan baýraklaryň ilkinji 2-sini Kristiano Ronaldo aldy.

Golaýda FIFA şu ýylyň iň gowularynyň dalaşgärleriniň final sanawyny mälim etdi.Iň esasysy, ähli futbol muşdagyny gyzyklandyrýan iň gowy erkek futbolçy baýragyna “Real Madridiň” 2 ýyldyzy — portugaliýaly Kristiano Ronaldo bilen horwatiýaly Luka Modriç hem-de “Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohamed Salah dalaşgär görkezildi.

Başgaça aýdylanda, “Barselonanyň” super ýyldyzy, argentinaly Lionel Messi sanawa alynmady. Şeýlelikde, Lionel Messi 13 ýyldan soň, ýagny 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sanawyň daşynda galdy.Erkekleriň futbolynda iň gowy tälimçi baýragy Horwatiýanyň ýerli tälimçisi Zlatko Daliç, fransiýaly tälimçiler Didie Deşam (Fransiýanyň ýygyndysy) hem-de Zinedin Zidan (“Real Madridiň” ozalky tälimçisi) dagynyň haýsy hem bolsa birine berler.

Belgiýaly Tibo Kurtua, fransiýaly Hugo Lloris hem-de Kasper Şmeýhel iň gowy derwezeçi baýragynyň dalaşgärleri diýlip saýlandy.Zenan futbolynda-da iň gowy oýunçy bolmak üçin “Lion” klubunyň ýyldyzlary — norwegiýaly Ada Hegerberg bilen germaniýaly Dženifer Marožan hem-de braziliýaly meşhur futbolçy Marta (“Orlando Praýd”) dalaşgärlige hödürlendi.

Tälimçilerdenem “Lionyň” tälimçisi Reýnald Pedros, Ýaponiýanyň zenan milli ýygyndysyna tälim berýän Asako Takakura, Gollandiýanyň gyzlar ýygyndysyndan Sarina Wigman üçüsi final sanawyna adyny ýazdyrdy.Ýylyň iň owadan goluna berilýän Puşkaş baýragy üçinem 10 sany gol saýlandy.

Olaryň arasynda Çempionlar ligasynyň çäklerinde Ronaldonyň “Ýuwentusa”, Beýliň finalda “Liwerpula” salan gollary bar. Şol sanda Dünýä çempionatyndanam 4 gol — russiýaly Denis Çeryşewiň (Russiýa-Horwatiýa), Lionel Messiniň (NigeriýaArgentina), fransiýaly Benžamin Pawaryň (Fransiýa-Argentina) hem-de portugaliýaly Rikardo Kuarežmanyň (Eýran-Portugaliýa) gollary-da saýlanyp alyndy.

Mahlasy 10 goluň arasyndan iň owadany janköýerleriň ses bermegi esasynda saýlanar.Ýeňijiler 24-nji sentýabrda Angliýanyň paýtagty Londondaky “Royal Festival” zalynda geçiriljek dabarada mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
EUR0 2020-ä badalga berildi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Alty topar Ýewropa çempionatyna ýollanma aldy
FIFA hem Modriçi saýlady