119 ýyl ýaşan zenanyň uzak ömrüniň syry aýdyldy

119 ýyl ýaşan zenanyň uzak ömrüniň syry aýdyldy

Ýaponiýanyň ýaşaýjysy Kane Tanaki 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde aradan çykdy, ol 119 ýyl 107 gün ömür sürdi. Onuň uzak ömürliliginiň syryny uzak ýaşlylary hasaba alýan guramanyň Prezidenti Ýumi Ýamamoto paýlaşdy.

Onuň aýtmagyna görä, Tanaki hanyma elmydama aramlyk mahsus bolupdyr. Hut şu häsiýet ýaponlaryň köpüsine mahsusdyr. Tanaki gazly suwy halapdyr, emma ony saglygyna zeper ýetirmezlik üçin çeni-çaky bilen içipdir.

Ýaponlar kadaly iýmitlenýärler, olar gereginden artyk iýip-içmeýärler diýip, Ýumi Ýamamoto gürrüň berýär.

Ýaponiýaly uzak ýaşlylar hara hati bu diýilýän iýmitleniş ulgamyndan peýdalanýarlar, ol doly däl-de, 80 göterim doýmagy aňladýar. Hünärmeniň sözlerine görä, ýaponlar köp hereket edýärler.

Kane Tanaka 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda doglupdyr, ol bütin ömrüne tüwi külçeleri bişirip satypdyr.

Ömrüniň soňky 17 ýylyny garrylar öýünde geçiripdir. Ol ýerdekä stolda oýnalýan oýunlara güýmenipdir, kalligrafiýa bilen gyzyklanypdyr, tapmaçalary çözüpdir.

2020-nji ýylda Kane Tanaki Ýaponiýanyň bütin taryhynda iň uzak ýaşly zenan diýlip yglan edilipdir.

Bu barada MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Lukman keýpiňi gowulandyrýan azyk önümlerini maslahat berdi
Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy aradan çykdy
100 ýaşdan geçen türkmenistanlylaryň uzak ýaşamagynyň syryny bilmek isleýärsiňizmi?
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Adamlaryň ömür dowamlylygy 2100-nji ýyla çenli 125-130 ýaşa ýeter
Dünýäniň iň garry ýaşaýjysy 118 ýaşady
118 ýaşyna aýak basdy