Dünýä habarlary gysga setirlerde

Ösüş-iň aýgytly ýeňşi.Efiopiýanyň dolandyryjy Ösüş partiýasynyň 21-nji iýunda geçirilen saýlawlarda aýgytly ýeňiş gazanandygy barada Milli saýlaw geňeşi tarapyndan resmi taýdan mälim edildi. Ösüş Parlamentdäki 436 orundan 410 orna eýe boldy. Şeýlelik bilen, Efiopiýanyň Premýer-ministri Abiý Ahmed ikinji möhlete saýlandy.

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ses berişlik birnäçe gezek yza süýşürilipdi.Käbir sebitlerde saýlawlar entek geçirilmedi: iki ştatda diňe sentýabr aýynda geçiriljekdigi habar berilýär.

Ömrüň dowamlylygy artar.Waşington uniwersitetiniň alymlary 2100-nji ýyla çenli adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň 125-130 ýaşa çenli ýetip biljekdigini çaklaýarlar.Alymlar soňky onýyllykda Ýer ýüzünde uzak ýaşlylaryň sanynyň barha artýandygyny belleýärler.

Bu barada Demographic Research neşirinde mälim edilýär.Häzir dünýäde ýaşy 100-e ýetip barýan adamlaryň sany ýarym milliona ýetýär. Şeýle-de, häzirki wagtda ýaponiýaly 118 ýaşly zenan Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşlysy hasaplanýar.

Çägeden gurlan beýik gala.Daniýanyň Blohus şäherinde belentligi ýigrimi metr bolan gala galdyryldy.Ol çägeden gurlan dünýäniň iň beýik heýkeli boldy.Galany gurmak üçin 5 müň tonna golaý çäge gerek boldy.

Niderlandly heýkeltaraş Wilfred Stiýgere dünýäniň iň oňat heýkeltaraşynyň 30-a golaýy kömek etdi.Gala beýikligi boýunça rekord goýup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Galanyň amatsyz howa şertlerinden halas bolmagy üçin biraz palçyk garylyp, taýýar gurluşyň daşyny ýelim gatlagy bilen örtdüler.

Ol 2022-nji ýylyň mart aýynda söküler.

Meşhur suratkeşiň eskizi.Suratkeşiň kiçijik garalama işine rekord bahadan tölediler.Leonardo da Winçiniň Aýy kellesi atly eseri Londonyň Christie’s auksionynda satyldy.Bu eser, sungat taryhçylarynyň pikirine görä, 1480-nji ýyllaryň birinji ýarymynda italýan ussady tarapyndan döredildi.

Oňa awtoryň goly çekilen.Ini we boýy bary-ýogy ýedi santimetr bolan surat, takmynan, 12 million 200 müň dollara satyldy. Öňki rekord Da Winçiniň 2001-nji ýylda 11 million 482 müň dollara satyn alnan At we çapyksuwar atly eserine degişlidir.

Infrastruktura gönükdiriler. Ýewropa Parlamenti täzelenen Connecting Europe Facility maksatnamasyny tassyklady.Oňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli ulag, energiýa we sanly infrastrukturany ösdürmek üçin 30 milliard ýewro bölünip berler.

Bu infrastruktura taslamalary barada ÝP we Ýewropa Geňeşi mart aýynda ylalaşypdylar.Täzelenen maksatnama laýyklykda, transport taslamalary üçin 23 milliard ýewro, energiýa taslamalary üçin 5 milliard ýewro we sanly taslamalar üçin 2 milliard ýewro bölünip berler.

Täze sanawyny mälim etdi.BCG kompaniýasy Şäher – her bir adam üçin atly barlaglary geçirip, ýaşamak üçin iň özüne çekiji şäherleriň sanawyny mälim etdi.Barlaglarda 16 şäher saýlanyp alnyp, olara anyk görkezijiler boýunça baha berildi.

Esasan-da, durmuşyň hili, ykdysady mümkinçilikleri, jemgyýetiň häkimiýet bilen gatnaşygy hem-de şäherlileriň durmuşyndaky oňyn üýtgeşmeleriň ösüş depgini nazara alyndy. Şunlukda, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri birinji, Beýik Britaniýanyň London şäheri ikinji, Russiýanyň paýtagty Moskwa bolsa üçünji orny eýeledi.

Ýazyjynyň mülki satylýar.ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň Redding şäherinde XX asyryň başynda ýazyjy Mark Twene degişli bolan mülküň satuwa çykarylandygy barada Mansion Global saýty habar berýär.

Mülküň bahasy 4,2 million dollar. Ýazyjy bu jaýy 1908-nji ýylda gurduryp, ömrüniň soňky iki ýylyny 1908-1910-njy ýyllary bu ýerde geçirýär.Mülküň meýdany 11,3 gektardan gowrak, jaýyň umumy meýdany 585 inedördül metr.

Mülküň eýeleri birnäçe gezek üýtgedi.Bu jaý soňky gezek 2003-nji ýylda De Santisiň maşgalasy tarapyndan 3,4 million dollara satyn alnypdyr.

Maýkl Jordanyň krossowkalary satylar. Sotheby’s auksiony 1984-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň meşhur basketbolçysy Maýkl Jordanyň geýen krossowkalaryny auksiona çykarar. Jordanyň krossowkalarynyň bahasynyň 80 müň bilen 100 müň dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar. Amerikaly basketbolçynyň Converse brendli aýakgaplary (Fastbreak modeli) Tokio Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna gabatlanyp, onlaýn auksionda hödürlener. Satuw 23-nji iýulda başlap, Olimpiýa ýygyndysy diýlip atlandyrylar.

Ýene degişli makalalar

Mankimen: Dew Patel ar alyjy baradaky söweşli film bilen ilkinji gezek režissýorlyk edýär
Maýkl Jordanyň sport aýakgaplary bäsleşikli söwdada satylar
Angliýanyň futbol ýygyndysy ýarym finalda Daniýanyň ýygyndysy bilen oýnar
Happy Childhood
Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
“Krid 3” sport filminiň premýerasynyň senesi belli edildi