BBC Hemiltony ýylyň sportçusy diýip yglan etdi

BBC Hemiltony ýylyň sportçusy diýip yglan etdi

"Formula-1"-de "Mersedes" toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton BBC boýunça ýylyň iň gowy sportçusy diýlip yglan edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Reýtingde "Liwerpulyň" futbolçysy Jordan Henderson ikinji, çapyksuwar Holli Doýl üçünji ýeri eýeledi.Snooker oýunçysy Ronni O'Salliwan, boksçy Taýson Fýuri we kriketçi Stýuart Brod hem ýylyň sportçysy diýen ugurda dalaşgär görkezildi.

Ondan öň, "Korollyk ýaryşlaryna" gatnaşýan toparlaryň ýolbaşçylary Hemiltony "Formula-1"-de 2020-nji ýylyň iň gowy sürüjisi diýlip saýlapdy.Geçen möwsümde Hemilton ýedinji gezek "Formula-1"-iň çempiony boldy we Maýkl Şumaheriň rekordyny gaýtalady. Şeýle hem, Hemilton Şumaheriň köp ýyllap saklan Gran-Pridäki ýeňişleriň sany boýunça rekordyny gaýtalamagy başardy.

Ol oktýabr aýynyň ahyrynda Portugaliýada geçen "F-1"-de 92-nji ýaryşynda ýeňiji boldy.Häzir Hemiltonyň hasabynda 95 ýeňiş bar.

Ýene degişli makalalar

FlyDubai Aşgabada dowamly uçuşlary dikeltdi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltdy, Saratow uniwersitetinde türkmen talyplarynyň sany birnäçe esse artdy we beýleki habarlar
Sportico neşiri Maýkl Jordany taryhyň iň baý türgeni diýip yglan etdi
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy