Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen 2022-nji ýylyň “Formula-1” dünýä çempionatynyň on dokuzynjy tapgyry bolan ABŞ-nyň Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Niderlandly sürüji möwsümde 13-nji ýeňşini gazanyp, Mihael Şumaheriň we Sebastýan Fetteliň rekordyny gaýtalady.Umuman, Werstappeniň Ostiniň ýolundaky ýeňşi karýerasynda 33-nji boldy.Ikinji orny “Mersedesiň” sürüjisi Lýuis Hemilton eýeledi. Üçünji bolup pellehana gelen 10 orun jerime alan, ýöne ýitgileriň öwezini dolup, “bürünç” gazanmagy başaran “Ferrariden” Şarl Lekler boldy. Şeýle-de, ilkinji onluga girip, utuk alanlaryň arasynda Serhio Peres (Red Bull), Jorj Rassell (Mersedes), Lando Norris (Maklaren), Fernando Alonso (Alfin), Sebastýan Fettel (Aston Martin), Kewin Magnussen (Haas) we Ýuki Sunoda (Alfa Tauri) bar.

Ýene degişli makalalar

Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Ferrariden Lekler Formula-1-de Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Fransiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy