12.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz “Amul Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi. Ýaryşlaryň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ekologiýadan başlap, ulag-ykdysady geçelgelere çenli ähli strategik ugurlary öz içine alýan syýasat durmuşa geçirilýär.Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi durmuş özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary köp sanly çärelere, şol sanda sport çärelerine gurşalyp alyndy.

Amul — Hazar aralygy boýunça halkara awtoralliniň guralmagy ýurdumyzyň sebit we dünýä ähmiýetli, döwletleri we halklary ýakynlaşdyrmaga, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy ösüşe gönükdirilen ulag başlangyçlaryny we taslamalaryny işjeň öňe ilerletmeginiň nyşany bolup durýar. ...Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birinde guralan ýaryşlaryň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi mähirli garşyladylar.Içeri işler ministri I.Mulikow toparlaryň “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde ýurdumyza wekilçilik etmek hukugy ugrunda bäsleşige gatnaşmaga taýýarlygy barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzdan saýlama ýaryşlara ak pata bermegi haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kabul edip, ýaryşyň badalga meýdançasyna bardy, bu ýerde milli Liderimizi awtomobil sportunyň eminleri garşylady.Döwlet Baştutanymyz olar bilen gürrüňdeşlikde eminleriň taýýarlyk derejesi, awtoralliniň geçiriljek ugrunyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy, şol ugruň geçjek ýerleri milli Liderimize topografik çyzgylarda görkezildi.

Bu çyzgylar ýoluň konfigurasiýasy, üstki gurluşy, tebigy päsgelçilikleriň we öwrümleriň ýerleşişi barada düşünje berýär.Türkmenistanyň Prezidenti howanyň ýaryşlary geçirmäge neneňsi päsgel berip biljek şertleri, aralyklary geçmek üçin goşmaça çylşyrymlylyk berýän çägesöw topragyň aýratynlyklary barada sorady.

Eminler toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ýaryşyň geçjek ugurlary barada hasabat berdi, ýoldaky bellikleri beýan etdi hem-de ýörite kartada bellenilen öwrümleriň arasyndaky aralyklar barada habar berdi.Onuň nygtaýşy ýaly, Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny saklamak awtomobil sporty ýaryşlaryny geçirmegiň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, halkara awtoralliniň saýlama tapgyrlaryna gatnaşýan awtoulaglaryň ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesi barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 16 — 17-nji maýynda Moskwada “Amul — Hazar 2018” taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy guralar.Bu taslama bilen “Africa Eco Race 2019” görkezilişiniň çäklerinde belli fransuz türgeni, Formula-1 we sport awtoulaglary toparynda dünýä ýaryşlaryna gatnaşyjy Žan-Lui Şlesser giň köpçüligi tanyşdyrar.

Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar — ýurdumyzyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri bu ýere ýygnananlary “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň guramaçylyk derejesi, bäsleşigiň geçjek ugurlary, oňa gatnaşýanlaryň nawigasiýa we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi bilen tanyşdyrarlar.

Munuň özi dünýäniň awtomobil sportunyň muşdaklary we bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleri üçin milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda guralýan ýaryşlar barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Garagum sährasynyň halkara awtoralli ýaryşyny geçirmäge bildirilýän talaplara laýyk gelýändiginiň meseleleri we onuň ekologiýa ölçegleri boýunça pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eminler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda şu gün bu ýere saýlama tapgyra gatnaşýan türgenlere ak pata bermäge gelendigini aýtdy. Şonuň netijeleri boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisinde Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüler.

Milli Liderimiz sport awtoulagynyň tehniki görkezijileriniň ýaryşlara bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini aýdyp, eminler toparyndan bu gezekki tapgyra “Men hem gatnaşyp bilýärinmi?” diýip sorady.Baş emin hormatly Prezidentimiziň bu tapgyra gatnaşyp bilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň oňa goşulmagynyň, eminler üçin bolşy ýaly, türgenler üçin hem uly hormatdygyny belledi we ak ýol arzuw etdi. Şeýlelikde, milli Liderimiz häzirki ýaryşlara gatnaşyjylara ak pata berdi we sport ulagyna münüp, saýlama tapgyry açdy hem-de Garagum sährasynyň içi bilen menzil aşdy. Ýaryşa hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň türgeni hem goşuldy.

Iki ulag ýokary tizlik bilen öňe okduryldy.Hydyr gören çöl bahar paslynyň soňky günleriniň özboluşlylygyna beslenipdir.Sähranyň özboluşly gözelligi bolup, onuň goýnunda her pasla mahsus ösümlik dünýäsi bolýar. Şolaryň arasynda dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşleri bar, olar döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde öwrenildi we tertipleşdirildi, bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edildi.

Halkara awtoralliniň guralmagy sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine hem-de iri möçberli ýaryşlary kabul edip bilýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny berkitmäge ýardam eder.Munuň şeýledigini geçen ýylyň sentýabrynda uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary görkezdi.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar hem-de ýaryşlary beýan edýän žurnalistler, özüne çekiji şeýle şüweleňi söýýän janköýerler Türkmenistanyň baý tebigaty, gözel künjekleri, medeni we taryhy mirasy bilen tanşyp bilerler.Elbetde, “Amul — Hazar 2018” awtorallisi köp sanly myhmanlaryň hakydasynda hemişelik saklanar we parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ähmiýetiniň ykrar edilmegine ýurdumyzyň ýene-de bir goşandy bolar. Şu ýylyň fewral aýynda Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” awtorallisini geçirmek boýunça taýýarlyk işlerine ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça “Beýik Ýüpek ýoly” diýlip atlandyrylan ugur boýunça welosiped ýaryşy we uzak aralyga ylgamak boýunça çäreler ýaýbaňlandyryldy.Tutuş ýurdumyzy gurşap alýan ylgaw hem-de welosiped ýaryşlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir badalga bermän, eýsem, gatnaşmagy bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Ylgaw tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.Dabaralaryň taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iri merkez bolan Amulyň mirasdüşeri Türkmenabatda geçirilýändigi sebäpli, ylgaw ýaryşyny Lebap welaýatynyň wekilleri açdylar.

Ylgaw taýajyklaryny yzygiderlilikde Mary, Ahal welaýatlary kabul etdi, soňra ony Daşoguz welaýaty, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty kabul edýär.Ylgawçylaryň yzysüre welosipedçiler hem ýaryşa badalga aldylar.Hut bu ülkeleriň “Beýik Ýüpek ýoly” boýunça ýaryşlaryň geçirilýän ýeri bolmagynda özboluşly many bar.

Owadan sport lybasyna beslenen welosipedçileriň bir ýarym müňüsi, edaralaryň, guramalaryň wekilleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary, Türkmenabadyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary şäheriň içi bilen geçdiler.

Welosipedli ýaryşlar dürli durmuş, sport, ekologiýa taslamalaryny we maksatlaryny goldamak üçin köp ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir.Türkmenistanda indi däbe öwrülen şunuň ýaly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleriniň hatarynda welosiped sporty (trek) hem boldy.Bu sport boýunça ýaryşlar paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň birinde — üsti ýapyk ajaýyp welotrekde geçirildi.Onuň welosiped ýollary ähli ölçegleri boýunça degişli halkara ölçeglere hem-de şeýle desgalara bildirilýän häzirki zamanyň talaplaryna kybap gelýär. ...Şeýle hem şol gün halkara awtoralliniň taýýarlyk tapgyryna badalga berildi.

Bu bolsa üstaşyr ulag geçelgeleri ulgamyndaky, şol sanda multimodal ýollary döretmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan işjeň syýasatyň nyşanyna öwrüldi. Şonda döwlet Baştutanymyz fransuz myhmany — meşhur “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlesseri tanyşdyryp hem-de onuň tebigaty goramak ugrunda ralli ýaryşlary döwründe daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmak boýunça meýilnamasy barada aýdyp, häzirki günüň talaplaryna kybap gelýän bu örän dogry ýörelgeleri goldady. Žan-Lui Şlesseriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda awtoralliniň geçirilmegi sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala getirilmegine, dünýäniň dürli künjeginden gelýän myhmanlary ülkäniň baý tebigaty, medeni we taryhy mirasy bilen tanyşdyrmaga ýardam berer.

Ol şeýle hem “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň köp sanly tomaşaçylaryň we janköýerleriň uzak wagtlap ýadynda galjakdygyna hem-de awtomobil sportunyň öňe ilerlemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Türkmen Liderini bu ajaýyp waka bilen gutlap, Žan-Lui Şlesser ýurdumyzda sportuň, şol sanda awtomobil sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen ýaryş ulagynyň açaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz dessine sürüji hökmünde awtoulagy synap gördi, milli Liderimiziň ogly — Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bolsa şturmanyň ornunda ýerleşdi.

Milli Liderimiziň dolandyrýan ýokary geçijiligi bolan awtoulagy ýokary tizlikde çöllük ýerleriň tebigy päsgelçiliklerini aňsatlyk bilen geçdi.Hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllaryndan başlap awtoulag sporty bilen işjeň meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşypdyr. “Ýedilik” belgili awtoulagda döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli çykyşlary hemmämiziň ýadymyzda.

Hut milli Liderimiziň başlangyjy netijesinde we goldaw bermegi bilen ýurdumyzda awtomotosport täze ösüşe eýe boldy, paýtagtymyzda Awtomobil sportunyň merkezi açyldy.Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan we eýýäm giň halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeken giň möçberli “Amul — Hazar 2018” çäresi bu işlere, gürrüňsiz, aýratyn itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen bolan ýatlanylyp geçilen duşuşygynyň dowamynda halkara sport senenamasynyň ajaýyp wakasyna öwrüljek “Amul — Hazar 2018” awtorallisini geçirmegiň guramaçylyk-tehniki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasy bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak bu ýaryşlaryň maksatlarynyň biridir. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyz özüniň bu gadymy ýoluň möhüm çatrygy hökmündäki ornuny gaýtadan dikeldýär.

Bu sport çäreleri ynsanperwer gatnaşyklaryň, tutuş sport ulgamynyň ösdürilmegine ýardam berer. Şeýle hem myhman halkara awtorallini geçirmek üçin Garagum sährasynyň saýlanyp alynmagynyň tötänden däldigini, bu künjegiň ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelýändigini nygtady. ...Bu gün hem ýaryşyň saýlama tapgyrynyň barşynda milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy uly tizlikde çöllük ýerleriň päsgelçiliklerini ýokary tizlik bilen geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen menziliň dowamynda sport ulagyny okgunly sürmegiň usullaryny ulanyp, ulagyň emel mümkinçiliklerini peýdalandy.Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanýan hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň netijesidir.

Ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyz ýolsuz ýerlerde ýaryş awtoulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi.Hormatly Prezidentimiz bellenilen aralygy geçip, çylşyrymly dolandyrylýan ýagdaýynda mümkin bolan iň ýokary tizlikde öwrümleri geçmegi başarmakda ulagy sürmegiň owadan tilsimini görkezdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sport ulagynda eminler toparynyň ýanyna gelip saklandy.Eminler toparynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi pellehana gelmegi hem-de görkezen 10 minut 10,45 sekunt netijesi bilen gutlady we munuň ýokary görkezijidigini nygtady. Şeýle hem bu tapgyra gatnaşan ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň türgeni G.Hommadow bolsa bellenilen aralygy 10 minut 22,42 sekunt wagt bilen tamamlady.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlaryna we ähli watandaşlarymyza ruhlandyryjy nusga görkezip, sportuň dürli görnüşleri — at münmek, welosiped we awtomobil sürmek, Gündogaryň başa-baş söweşleri, sportuň oýun görnüşleri, ylgamak, tennis we beýlekiler bilen meşgullanyp, işiniň köpdügine garamazdan, beden maşklaryny ýerine ýetirmäge hökman wagt tapýar.

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti — döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna — Hormat ordenine mynasyp boldy.Milli Liderimiz şeýle hem karate, taekwondo boýunça we sportuň beýleki görnüşlerinde ýokary danlaryň gara guşaklarynyň eýesi bolup durýar.

Hut milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzir ýurdumyzda sport muşdaklarynyň sany günsaýyn artyp, jemgyýetde uly ähmiýete we orna eýe bolýar. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen raýatlaryň köp sanlysynyň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň meşgullanmagy üçin şertleri döretmek sporty ösdürmek syýasatyny işläp taýýarlamagyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynyň esasy maksadyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.Medeni-taryhy gymmatlyklara baý bolan ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm halkada ýerleşmek bilen, munuň üçin ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedir.

Soňra Garagumuň giň sähralyklarynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň saýlama tapgyrlarynyň bäsleşikleri dowam etdi. ...Şeýlelikde, “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlaryna Türkmenistan tarapyndan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.

Olar ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan halkara ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň has-da ýokary göterilmegine mynasyp goşant goşarlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil sporty boýunça toparlara ak pata berip, olara öňde boljak bäsleşiklerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegi ugrunda ýurdumyzda halkara ähmiýetli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şeýle ýokary derejede geçirilýän sport ýaryşlary Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini şertlendirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport halklary ýakynlaşdyrýar, doganlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda milli Liderimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli ösdürilip, milli medeniýetimiziň möhüm düzüm bölegine, halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýär.

Munuň özi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galmagyny üpjün edýär. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini guramak boýunça döwlet derejesinde alada edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ösdürilmegine başlangyçlar bilen çykyş edip, oňa ýokary derejede çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda “Amul-Hazar” rallisine bagyşlanan parad boldy (foto)
19.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy
Halkara awtorallisi dünýä ýaň salar
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
07.09.2018 | Awtomobil ýaryşlarynyň dünýä derejesindäki ussatlary Türkmenistana gelýärler
10.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy