Türkmenistanyň komandasy IIM-niň bazasynda “Amul-Hazar” rallisine taýýarlanýar

Içeri işler ministri Isgender Mulikow 22-nji maýda prezidentiň öňünde “Amul-Hazar” rallisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Mulikowyň sözlerine görä, Häzirki wagtda Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik etjek sürüjileri, şturmanlary we tehniki düzümi taýýarlamak üçin ýörite okuwlar guraldy.

IIM-niň ýolbaşçysy halkara rallini üstünlikli geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, ýaryşlara meşhur türgenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, “Africa Eco Race” kompaniýasy bilen şertnama gol çekilendigini hem habar berdi.

12-nji maýda Türkmenistanda Türkmenistanyň “Amul-Hazar” awtorallisine gatnaşjak komandasynyň agzalaryny seçmek üçin ýaryş geçirildi.

Belleýäris, şol gün bu ýaryşa prezident Berdimuhamedow hem gatnaşdy we IIM-niň awtoulag sporty merkeziniň professional sürüjisinden üstün çykdy.

Şondan iki gün soň Gurbanguly Berdimuhamedowa “awtosportdaky ajaýyp üstünlikleri we umuman türkmen sportunyň ösüşine goşan uly goşandy üçin” rallä gatnaşmaga hukuk berýän sertifikat gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

12.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz “Amul Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy
Halkara awtorallisi dünýä ýaň salar
17.05.2018 | Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Russiýada Amul — Hazar 2018 halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
22.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi
Berdimuhamedow krizis döwri, 'möhüm' sport çärelerini maslahat edýär