12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň KararyTürkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşandyny goşmagy üçin ähli şertler döredilýär.

Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir.Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin: 1. Şu ýaş alymlary we talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň 2018-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etmeli we baýraklar bilen sylaglamaly: 1) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň nanotehnologiýalar barlaghanasynyň kiçi ylmy işgäri Merdangeldi Gulgeldiýewiç Amaniýazowy (1-nji orun — noutbuk DELL); 2) Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit we gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy Ýeňiş Taňrygulyýewiç Ýazlyýewi (1-nji orun — noutbuk DELL); 3) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň öwreniji mugallymy Selbi Hakmyradowna Akmyradowany (1-nji orun — noutbuk DELL); 4) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Perhat Öwezmyradowiç Çaryýewi (1-nji orun — noutbuk DELL); 5) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy bölüminiň ylmy işgäri Merdan Tirkeşowiç Nepesowy (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 6) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň botanika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Göwher Baýryýewna Şyhgulyýewany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 7) Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň kliniki ordinatory Tumar Mämmetguly gyzy Gurbanberdiýewany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 8) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Oguljennet Annameredowna Durdyýewany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 9) Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gözel Akmyradowna Pirmuhamedowany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 10) Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň fizika kafedrasynyň öwreniji mugallymy Babajan Hudaýberdiýewiç Bekmurzaýewi (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 11) Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspiranty Ahmet Myratdurdyýewiç Haşaýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 12) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ajapsoltan Annamuhammedowna Misekowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 13) Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň mugallymy Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 14) Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň öwreniji mugallymy Aýbölek Döwletgeldiýewna Öwezberdiýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 15) Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlarynyň ýörite menejmenti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gülşat Dädebaýewna Pirjanowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 16) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen aragatnaşygy guramak boýunça ofiseri Kerim Nurmämmedowiç Myradowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 17) Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Bäşim Annameňli ogly Şemiýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 18) Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň himiýa we himiýa tehnologiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ogultäç Haldurdyýewna Berdiýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 19) Aşgabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Rejepmät Rahmanberdiýewiç Godarowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 20) Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy Humaý Parhadowna Aşyrowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 21) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Meretgeldi ogly Meredowy (1-nji orun — noutbuk DELL); 22) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbanmuhammet Hajyýewiç Gurbanowy (1-nji orun — noutbuk DELL); 23) Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň demir ýol fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Merdan Baýramowiç Gurbangylyjowy (1-nji orun — noutbuk DELL); 24) Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ogulşeker Derýaýewna Gurbanowany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 25) Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ulag gurluşygy we ykdysadyýet fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Muhammet Çerkezowiç Nepesowy (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 26) Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gülälek Begençmyradowna Mukymowany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 27) Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýörite edaralar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hangeldi Bäşim ogly Amangeldiýewi (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 28) Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Sähragül Özbekbaýewna Gurbanowany (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 29) Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Serdar Myratgeldiýewiç Bagşyýewi (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 30) Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk we muzeý işi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bäşim Jumageldiýewiç Muhyýewi (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 31) Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Zakirjan Şeripbaýewiç Babaýewi (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 32) Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň energo-tehnologiýa fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Guwançewiç Hojaýewi (2-nji orun — noutbuk LENOVO); 33) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mahym Ezizdurdyýewna Rahimowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 34) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguljahan Begmuhammedowna Durdyýewany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 35) Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Altyn Çarymyradowna Ýazmyradowany (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 36) Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Çaryberdiýewiç Tozanlyýewi (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 37) Türkmenistanyň Serhet institutynyň inženerçilik fakultetiniň 3-nji ýyl harby talyby Batyr Agamämedowiç Gurbanowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 38) Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa-saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mergen Ýagşygeldiýewiç Muradowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 39) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Hemra Muratowiç Jepbarowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG); 40) Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk we weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Bobur Allaýarowiç Hudaýarowy (3-nji orun — planşet SAMSUNG). 2. Şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatlar üçin çykdajylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Ýene degişli makalalar

Kir ýuwýan maşynlar üçin süzgüç
Samsung smartfonlaryna bütin dünýäde isleg azalýar
Önümçiliginiň çägini giňeldýär
Berkarar SDAM-däki Elektronika dünýäsi we Samsung hojalyk tehnikalarynyň dükanlary telewizorlar üçin tomusky aksiýanyň başlanandygyny habar berýär
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Türkmenistan Russiýa Yslam dünýäsi: KazanForum ykdysady forumyna gatnaşar, türkmen lukmanlary Owganystanda işe girişdiler, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA U-20 çempionatyna gatnaşar we beýleki habarlar