Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Soltangeldi Berdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 6/1-nji karary tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 6/2-nji karary tassyklanyldy.
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
