12.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda dünýä bilelşigi bilenbilelikde ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bu şanly waka myynasybetli köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy.Asylly däbe görä, baýramçylyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.

Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň binanyň öňündäki meýdança baýramçylyk mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi.Ir bilen gül goýmak dabarasyna gatnaşmak üçin kaşaň binanyň ýanyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, minitrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem dabara “Halkara gatnaşyklarda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen on ýyl hyzmatdaşlyk” we “Halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti” atly halkara maslahatlaryna gatnaşyjylar bar.

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady we medeni ösüşini, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyny alamatlandyrýan täze taryhy eýýamyň gelmegine giň ýol açan döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň we tutuş halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyny aňladýan Bitaraplyk binasyna ýanyna geldi.Bu ýerde Hormat garawulynyň merdana esgerleri hatara düzüldi.Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz kaşaň Binanyň ýanynda ajaýyp gül sebedini goýýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda degişli Kararnamany kabul eden güni hökmünde ýurdumyzyň ýylýazgysyna täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sene hökmünde hemişelik ýazyldy.

Dünýä tejribesinde ilkinji gezek Milletler Bileleşigi döwletimize parahatçylyk dörediji, BMG bilen parahatçylygy, howpsuzlygy we gülläp ösüşi üpjün etmekde işjeň we özbaşdak hyzmatdaş hökmündäki beýik hukugyny biragyzdan ykrar etdi.Daşary syýasat strategiýasynyň 20 ýyldan gowrak mundan ozal seçilip alnan milli ýörelgesi türkmen halkynyň ruhuna, onuň taryhy we milli dessurlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň geografiki taýdan ýerleşmeginiň hem-de onuň serişde kuwwatlyklarynyň anyk ýagdaýyna laýyk gelýär.

Bitaraplygyň parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däplerine hormat goýmak, hoşniýetlilik, dini garaýyşlara sarpa goýmak ýaly binýatlaýyn ugurlary döwletimiziň halkara giňişligindäki syýasatynyň has-da işjeňleşmegini şertlendirdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk ugrunyň BMG-niň maksatlaryna, sebitde parahatçylyk ddörediji tagallaalaryň utgaşdyrylmagyna laýyk gelýändigi tassyklandy.

Seçilip alan ýolunyň öz wagtynda we dürs kabul edilendigini ynam bilen aýtsa bolar.Bitaraplyk derejesi arkaly Türkmenistan ilki başda ynsanperwer we hakyky demokratik ýörelgeleri wagyz etmek bilenn, durmuş we ykdysady ähmiýetli möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegini nazarlaýar.

Ilki bilen şeýle gysga döwürde halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň ähli pudaklardaky ýokary sazlaşykly ösüşini mysal hökmünde getirmek bolar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar we ol ähli ýurtlar, iri abraýly guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşlparynda birnäçe gezek belleýşi ýaly, Bitaraplyk Türkmenistan üçitn diňe bir hukuk dereje däldir.Munuň özi parahatçylyk döredijilikli ýörelgeler arkaly halkara ýagdaýyna doly goşulmakda, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna goldaw bermekde, şeýle hem sebitde we onuň daşynda pugta parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen bar bolan meseleleri çözmekde, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen tarapynyň dünýä giňişliginde amala aşyryýan işleriniň düýp manysy we mazmuny hut şundan ybaratdyr.Milletler Bileleşiginiň dogry ýoly tapmakda, kynçylyklary ýeňmekde, ählumumy gatnaşyklaryň uly geljegini görüp, oňa täze garaýyşlar bilen çykmakda netijeli ukybynyň bardygyna ynam döwletimiziň häzirki zaman meseleleriniň çözgüdine bolan çemeleşmeleriniň esasyny düzýär.

Bu bolsa hormatly Prezidentimiz tarapyndan ösüşiň syýasy, durmuş-ykdysady, energetika we ekologiýa ýaly möhüm meseleleri boýunça giň hem-de pugta halkara ylalaşygynyň gazanylmagyna gönükdirilen Geljegiň strategiýasy diýlip atlandyryldy. “2017-2023-nji ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna” laýyklykda dünýäniň dürli ýurtlary we BMG, ÝB, GDA, ŞHG, ÝHHG, Goşulyşmazlyk hereketi, YHG we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän Milletler Bileleşiginiň Ösüş maksatnamasy, UNESKO, Ylat gaznasy, Çagalar gaznasy ýaly ýöriteleşdirilen düzümleriň wekilhanalary, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşekeşlik we jennaýatçylyk baradaky müdirlik bilen ýola goýulýan gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. 2018-2020-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine Ýetiriji geňeşine, şeýle hem 2018-2022-nji ýyllarda Zenanlaryň derejesi baradaky topara saýlanmagy döwletimiziň abraýynyň belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň 2017-2020-nji ýyllarda ylmy we tehnikany ösdürmek baradaky topara, 2016-2022-nji ýyllarda Ilat we ösüş baradaky topara, 2017-2021-nji ýyllarda durmuş jsüşi boýunça topara saýlanandygyny bellemeli.

Türkmen döwletiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän teklipleri milletler bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş baradaky Gün tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň energetika howpsuzlygyny we turba geçiriji düzümleriň ygtybarlylygyny, şeýle hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň täze halkara ulgamyny döretmek boýunça gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagy boýunça öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini aýratyn bellemeli.

Ol teklipleriň hemmesi BMG-a agza döwletler tarapyndan goldanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen berkidildi. Şu ýylyň dowamynda bolan we Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, onuň dünýäniň sport giňişliginde işjeň hereket edýändigini alamatlandyrýan wakalaryň ikisi boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň jemleýji resminamasy hökmünde “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” Halkara sport kongresini, şeýle hem “parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlar olimpiýa toparlarynyň goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmegi, onuň BMG-niň adam hukuklary baradaky Şweýsariýada geçirilen 36-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürülmegi bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Halkara maslahatynda başlyklyk etmegi Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde geosyýasy deňeçerşigiň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde garalýar. Özüniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite resminamasy bilen berkidilen ýokary derejesini iş ýüzünde durmuşa geçirmek arkaly, paýtagtymyz parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmünde ykrar edildi.

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän halkara derejesindäki iri forumlar, şeýle hem on ýyl mundan ozal Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu düzümi döretmek we paýtagtymyzy onuň ştab-kwartirasy üçin ýer hökmündäki başlangyjy öňe sürmek bilen, ýurdumyz sebitde ulgamlaýyn häsiýetdäki parahatçylyk döredijilik tagallalaryna ähmiýet bermegiň, BMG-niň tarapyndan berkidilen bu dereje daşary syýasatyň Bitaraplyk ýörelgesiniň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň esasynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň halkara usulyny döretmegiň zerurdygy ýaly düýpli ýörelgelerden ugur aldy. Şu ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýüze çykýan meseleleriň parahatçylykly we ylalaşykly çözülmegine, şeýle hem sebitiň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam berdi.

Sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda bu düzümiň açylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy üçin oňyn şertleriň döredilmegini şertlendirdi.BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan öňüni alyş diplomatiýasynyň we jedelli meseleleri irgözün kadalaşdyrmagyň ähmiýetiniň çäklerinde merkeziň eýeleýän ornuna mynasyp baha berildi we onuň işi goldanyldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň alyp barýan netijeli işleri ýakynda ýokary derejede geçirilen we sebitleýin hyzmatdaşlyga hem-de Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasynyň işine hem-de onuň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda ýokary baha berildi.

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda ýurdumyzyň Hökümetinirň başlangyjy boýunça 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.Munuň özi diňe bir parahatçylyk dörediji Garaşsyz Watanymyzyň oňyn ýörelgeleriniň tassyklanmagyna berlen ýokary baha däl, eýsem ol döwrüň talaby bolup durýar.

Bu waka ýurdumyzda halkara diplomatiýasynyň umumy üstünligi bolan çuňňur mana we ähmiýete eýe bolan sene hökmünde kabul edildi. ...Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar binanyň etegine ajaýyp gül desselerini goýdular.

Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançadaky adamlaryň akymy sanlyja wagtdan bu künjegiň al-elwan güllere beslenmegini şertlendirdi.Türkmen halkynyň gadymy däplerine we milli dessurlaryna laýyk gelýän bu hukuk dereje hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem tutuş adamzadyň bähbitlerini nazarlaýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üsütünlikli durmuşa geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Bitaraplyk içerki durnuklylyk, jemgyýetçilik ylalaşygy we ösüş hökmünde halkymyzyň aňynda pugta orun eýeledi.Halkara gatnaşyklarynda bolsa bu dereje birek-birege hormat goýmak, özara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan deň hukukly döwletara gatnaşyklarynyň nusgasy hökmünde kabul edildi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Owganystanda 45 Adam Sowukda Doňdy
Zyýanly endikler hakynda gürrüňdeşlik
Eýranda Neşekeşleriň Bejergi Alýan Hassahanasynda Bolan Ýangynda 32 Adam Ýogaldy
Geldimyrat Haldurdyýew: Türkmenistan neşekeşlige garşy göreşini dowam etdirýär
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar