Zyýanly endikler hakynda gürrüňdeşlik

Zyýanly endikler hakynda gürrüňdeşlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi hem-de Aşgabat şäher PM-niň Bagtyýarlyk etrap PB-mi bilen bilelikde geçirmeginde Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany atly gürrüňdeşlik we söhbetdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlige Aşgabat şäher PM-niň Bagtyýarlyk etrap PB-niň KÝÝIBT-nyň gözegçisi polisiýanyň maýory G.Bäşimowa gatnaşdy.Myhman öz gezeginde çilim, nas we psihotrop maddalar we zyýanly endikler barada, tertip düzgün we kada-kanun, köçe ýol hereketleriniň düzgünlerini berk berjaý etmek barada, ynsan saglygyny goramak we dikeltmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek, şeýle-de adam ömrüniň dowamlylygyna zyýan ýetirýän endikler, şol zyýanly endiklerden daşda durup öz saglyklaryny gorap, sportyň dürli görnüşleri bilen meşgul bolmaklarynyň wajypdygy dogrusynda gürrüň etdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde, ýaş nesilleriň boş wagtlary sporta bedenterbiýä sarp edip berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolamagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ýuridiki maslahatlar
27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
“Azatlyk”: 10 ýylda Türkmenistany 2 milliona golaý adam terk etdi