Ýuridiki maslahatlar

Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristler birleşigi “Türkmenistanyň Hronikasynyň” okyjylarynyň ýuridiki mazmunly sowallaryna jogap bermegi dowam etdirýär.

Siz öz soraglaryňyzy biziň saýtymyzdaky aragatnaşyk formasy arkaly-da, şu adres boýunça hem turkmen.initiative@gmail.com berip bilersiňiz.

Awtorlaryň orfografiýasy we puktuasiýasy bolşy ýaly saklanylýar.

Sorag: Salam. 90-njy ýyllardan bäri ÝB ýurtlarynyň birinde oglum bilen PMŽ şertinde ýaşaýarys, Türkmen ilçiganasynyň konsul hasabynda durus. Türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmedik, nemes pasportymyz we raýatlygymyz ýok. .

Aşgabada gidip, täze pasport alyp bilmeýärin, Gemotoligi-onkologiki-poliatiw merkezde bejergi alýaryn (uçmaga hiç hili çydajak däl). Bize, kadadan çykma hökmünde, Türkmen ilçihanasyndan pasport almaga mümkinçilik ýokmy? Türkm.Ilçihanasynda dilden bolanok diýdiler. Eger med.edaradan tassyknama gerek bolsa, mende hemmesi bar. Öňünden jogap üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Jogap: Türkmenistanyň “Migrasiýa hakyndaky” kanunynyň 31-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, “Türkmenistanyň Türkmenistandan daşarda hemişelik ýaşaýan raýatlary pasport almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary arkaly Türkmenistanyň daşary ýurtly raýatlary hasaba alýan döwlet gullugyna ýüz tutýarlar.

Bu hili raýatlar üçin pasportlar Türkmenistanyň daşary ýurtlulary hasaba almak baradaky döwlet gullugynyň merkezi apparattynda resmileşdirilýär we olar diplomatik wekilhanalar we konsullyk edaralary arakaly gowşurylýar.” Şundan ugur alynsa, siz Türkmenistanyň konsullyk edarasyndan pasport almaga doly hakly.

Munuň üçin siziň Türkmenistanyň ilçihanasynyň konsullygyna arzaňyzy we degişli dokumentleri ýanyna goşup, hat üsti bilen ýüz tutmagygyňyz gerek.Keselňiz hakyndaky sprawkalaryň, geçirilen prosuderalaryň we beýlekileriň ählisini hökman arzaňyza çatyň.

Salam. Gijäňiz haýyr men size ýuridiki maslahat üçin ýüz tutmak isledim biz türkiýede ýaşaýarys çaga mekdebe gidýar emma çaganyň zagran pasportynyň möhleti gutarýa biz türkiýede pasport çalşyp bilerismi ýa türkmenistana uçmaly bolaryzmy munyň hiç edesim gelmeýär

Jogap: Siziň möhleti dolýan pasportyňyzy Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygynda täzesine çalyşmak barada hat üsti bilen ýüzlenmäge doly hakyňyz bar.Muny pasportyň möhleti tamam bolmanka etmek gerek, ýogsa, pasportyň möhleti gutrarandan soň etseňiz, proýblema döremegi mümkin (jerimeler we beýelkiler).

Arzaňyza öz hakyky pasportyňyzyň göçürmesini we beýleki zerur dokumentleri goşuň.Türkmenistanyň konsullygy, Türkmenistanyň “Migrasiýa hakyndaky” kanunynyň 31-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, siziň çagaňyza täze pasport bermäge borçly.

Sorag: Salam. Maňa bankda, haýsydyr bir kanuna salgylanyp, meniň özümiň daşary ýurda çykmanlygym we pul çykarylan wagtynda daşary ýurtda bolanlygym barada pasportda belligiň ýoklugy üçin, visa kartymy doldurmakdan ýüz öwürýärler.

Doganym daşary ýurda dynça almaga gitdi, men ondan öz hasabymdan özüm üçin dollar çykarmagy soradym. Häzir meniň özüm gitmekçi bolýaryn, emma boş kartly gidip bilmeýärin.

Aýatmagyňyzy haýyş edýärin, näme etmeli, ýüz öwürmekleri kanuna sygýarmy, şeýle kanun barmy we bu meseläni çözüp bolarmy, makalarda we podkastde bu tema jogap tapmadym we şu ýere ýazýaryn, sag boluň.

Jogap: Banklaryň siziň hasabyňyzy doldurmakdan ýüz öwürmekleri düýpden kanuna sygmaýar.Sizde öz hasabyňyz barada bank işgäri bilen gol çekilen şertnama bolmaly.Bu şertnamany ünsli öwreniň we bankdan şertnamanyň düzgünlerini berjaý etmegi talap ediň.

Eger bu meýletin ýagdaýda bolmasa, siziň suda ýüz tutmaga doly hakyňyz bar banky şertnamanyň şertini ýerine ýetirmäge mejbur edip bilersňiz.

Ýene degişli makalalar

27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
“Azatlyk”: 10 ýylda Türkmenistany 2 milliona golaý adam terk etdi
27.09.2019 | Mukaddes Garaşsyzlygyň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralar