2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda Türkmenistandan PMŽ ýa-da başga ýerde hemişelik işlemek üçin 1 879 413 adam gitdi diýip, “Azatlyk” radiosy hökümetdäki çeşmesine salgylanyp habar berdi.
Radionyň söhbetdeşleriniň biriniň gürrüň bermegine görä, şu sebäpden 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijleri giizlin saklanylýar. Barlaglaryň netijeleri hatda hökümet üçin hem garaşylmadyk ýagdaý bolupdyr.
“Haçanda bu netijeleri prezidente berenlerinde, ol gös-göni dowla düşdi. Onuň dolandyryşy üçin mundan uly biabraýçylyk ýokdy” diýip, “Azatlygyň” çeşmesi tassyklady.
Radionyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, häzir Türkmenistanda 3,3 milliondan gowrak adam bar. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri 2012-nji ýylda ilat ýazuwy geçirilen pursatynda Türkmenistanda 4 751 120 adamyň ýaşandygyny habar berdiler.
Türkmenistany terk edenleriň uly bölegi Türkiýä, Orsýete we Ukraina gitdi.
Ilat sanynyň görnetin azalmagy goşuna alynýan esgerleriň sanynyň kem bolmagyna getirdi we bu ýagdaý goşunda gulluk etmek möhletiniň uzaldylmagyna sebäp bolup biler.Ozal goşun gullugynyň iki ýyldan üç ýyla uzaldylmak ähtimallygy barada “Turkmenyurt TV” neşiri hem habar berdi.
Ýatladýarys, 2018-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanyň döwlet statistika komitetiniň başlygy Halykdurdy Gurbanow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurtda ilat ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Nobatdaky ilat ýazuwy 2022-nji ýylda geçiriler.
