12-nji awgust Hazar deňziniň güni

2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça bäş sany Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa, ýagny Tähran Konwensiýasyna gol çekildi. Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň

12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem, ýagny her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Kenarýaka ýurtlarda her ýyl bellenilýän bu baýramyň deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerinde, özboluşly ekoulgamyny goldamakda we gorap saklamakda ähmiýeti uludyr.Hazar deňziniň meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, onuň iň çuň ýeri 1025 metre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy bolsa 7000 kilometre deňdir.

Hazar deňzi demirgazykdan günorta 1200 kilometr uzap gidip, onuň ortaça ini 320 kilometre deň.Deňze 130-dan gowrak derýa guýýar.Onuň çäginde ululy-kiçili adalaryň 50-ä golaýy bar.

Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly-jandarlar özboluşly bolup, olaryň köpüsiniň diňe şu ýerlerde duş gelýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.Bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi bu ýerde jemlenendir.

Hazarýaka sebitinde guşlaryň 300-den gowrak görnüşi duş gelýär.Sebitde guşlardan başga-da, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň we süýrenijileriň köp görnüşleri bar.Bu deňizde başga hiç ýerde duş gelmeýän Hazar düwleni hem ýaşaýar.

Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşleriniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzünde diňe Hazar deňzinde duşýar. Hazarda suwotularyň 450-den gowrak görnüşi, suwuň dürli gatlaklarynda ýüzüp ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň bolsa 400-e golaý görnüşi mesgen tutupdyr.

Hazar deňzi balyk tutulýan we däp bolan balykçylygyň ösen ýeri hökmünde hem meşhurdyr. Hazar deňzinde gyzylbalyklaryň dünýäde iň uly tebigy sürüsi ýaşaýar.

Hazar deňziniň kenarynda döredilen Awaza milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş zolagy bolman, eýsem, ol daşky gurşawyň gözelligini goramakda, onuň baýlygyny artdyrmakda we amatly daşky gurşawa oňyn täsir etmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistan kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.

Hazar sebiti taryha, medeniýete, dostana gatnaşyklara uly ähmiýet beren sebit hökmünde bellidir. Özüniň möçberi, ösüş taryhy boýunça Hazar deňzi dünýäde iň uly suw basseýni hasap edilýär. Aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän mawy deňze Wolga, Emba, Ural, Terek, Kura, Sulak hem-de kiçi derýalar guýýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Deňziň Gazagystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Eýran we Russiýa döwletlerinde kenary bolup, ýük daşamak ulgamynda halkara ähmiýete eýe bolan birnäçe iri portlar ýerleşýär. Olar ýurdumyzdaky Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Azerbaýjanyň Baku porty, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň portlary, Gazagystanyň Aktau porty hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli we Neka portlarydyr.

Hazar deňziniň çuň gatlaklary özünde kalsiý karbonatlaryny saklaýan alewrolit we gyrmança çökündilerinden ybarat bolup, düýbünde nebit we gaz känleri bardyr. Maglumatlara görä, dünýäniň nebit gorunyň 4 göterimi, tebigy gaz gorunyň 6 göterimi Hazardadyr. Garabogaz aýlagy bolsa mirabilit duzuna baý bolup, asyrlaryň dowamynda toplanyp, gatlak-gatlak, tokga-tokga bolup duran duzlar bar.

Hazar deňzinde balykçylyk hojalygynyň ähmiýeti örän uly bolup, balyklaryň takgaz, silebalyk, çapak, kepir, töp, garabalyk, akbalyk, kilka, kefal ýaly görnüşleri giňden ýaýrandyr.Hazarda balyklaryň gymmatly tohumlaryny köpeltmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Bekre balygy bolsa dünýäde tutulýan balyklaryň 82 göterimine deňdir.Deňziň ýaýylyp gidýän giňişliklerinde ösümlikleriň 728-den gowrak görnüşi we dürli jandarlaryň 854 görnüşi hasaba alnyp, bu gymmatlyklar deňziň ekoulgamyny emele getirýän esasy alamatlardyr.

Bir söz bilen aýdylanda, Hazar giňişligi ägirt uly ykdysady, energetika we ulag kuwwatyna eýe bolan möhüm strategik sebitdir.

Ýene degişli makalalar

Hazar dostluk hem-de hyzmatdaşlyk deňzi
Dünýägözel Gulmanowa Sankt-Peterbugrda Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
Ispaniýaly zenan 70 metr çuňlukdaky gowakda 500 günläp ýaşady we dünýä rekordyny täzeledi
AŞGABADYŇ ARTIST HÖWESJEŇLER TEATRY RUS TEATRLARYNYŇ RUSSIÝADAKY DUŞUŞYKLAR HALKARA FESTIWALYNYŇ AÇYLYŞYNA GATNAŞDY
Aşgabadyň ArtIst teatry Sankt-Peterburgda geçirilýän halkara teatr festiwala gatnaşýar
Kuweýtde Täze Hökümet Guruldy