Dünýägözel Gulmanowa Sankt-Peterbugrda Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Dünýägözel Gulmanowa Sankt-Peterbugrda Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Duşuşyk Sankt-Peterbugr şäherinde 10-njy Newa halkara ekologiýa kongresiniň çäginde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Walentina Matwiýenko Russiýa bilen Türkmenistanyň derejede yzygiderli gepleşikleriň dowam etdirilýändigini, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hemişe özara aragatnaşyk saklaýandyklaryny belledi.Hususan-da, syýasy, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, halkara platformalarda özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwienko Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine ilkinji gezek Türkmenistanyň parlamentiniň şeýle ýokary wekiliýetiniň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Mundan başga-da, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanda şu ýylyň başynda geçirilen giň gerimli parlament özgertmeleriniň dostlukly ýurduň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin amatly şertleri döretjekdigine, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň agzybirligini berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle-de, Walentina Matwiýenko häzirki şertlerde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýasyny täzelemek maksady biken täze resminamalara gol çekmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi. Federasiýa Geňeşiniň başlygy sözüniň ahyrynda Dünýägözel Gulmanowany şu ýylyň noýabr aýynda Bişkek şäherinde geçiriljek GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Dünýägözel Gulmanowa rus kärdeşine 10-njy Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, dürli halkara platformalarda konstruktiw gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy sözüniň ahyrynda türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasy bilen kanunçykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hemişe ygrarlydygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERAL GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony gutlady
Mähirli gutlag
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal