Matwiýenko Russiýada Bagt ministrligini döretmegi teklip etdi

Matwiýenko Russiýada Bagt ministrligini döretmegi teklip etdi

Russiýada Bagt ministrligini döretmek gerek. Bu barada ýurduň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Russiýa sergi-forumynda eden çykyşynda teklip etdi diýip, Spbdnevnik.ru saýty ýazýar.

Meniň arzuwym, geliň, Russiýada Bagt ministrligini döredeliň. Täze Kanunlardyr Hökümetiň kabul edýän Kararlary adamlary has bagtly edip bilýärmi, seljerilip, bu edaranyň üstünden geçsin diýip, Matwiýenko nygtady.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bu meselede özüniň pikirdeşleriniň köpdügini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýeri gelende aýtsak, şeýle edarany döretmek pikirini Walentina Matwiýenko ilkinji gezek teklip edenok. Ol şeýle başlangyç bilen 2016-njy ýylda-da çykyş edipdi, ol şonda Birleşen Arap Emirlikleriniň tejribesine ünsi çekipdi.

BAE-de Durmuş abadançylygy we eşretleri edarasy hereket edýär. Matwiýenkony Birleşen Arap Emirlikleriniň Geljegiň ministrligi hem özüne çekipdi, bu döwlet edarasy nebitiň iň ahyrky barreli sarp edilenden soň, Emirligiň geljegini çaklaýan ministrlik bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” forumynyň çäginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkidýär
Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar
Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
SSSR-iň öňki Hökümet başlygy Nikolaý Ryžkow aradan çykdy