SSSR-iň öňki Hökümet başlygy Nikolaý Ryžkow aradan çykdy

SSSR-iň öňki Hökümet başlygy Nikolaý Ryžkow aradan çykdy

SSSR-iň öňki Hökümet başlygy Nikolaý Ry žkow aradan çykdy, bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko öz Telegram-sahypasynda habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Özboluşly ykbally adam we özboluşly döwlet işgäri. Uly kalply adam. Bu onuň başyna baran islendik işinde duýulýardy, sebäbi ol işiň netijesi barada çuň aladalanýardy. Adamlar, ýurt üçin çyn ýürekden alada edýärdi. Özem bular owadan sözler däl, hakykat diýip, Matwiýenko ýazýar.

Nikolaý Ryžkow 1929-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda doguldy. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda SSSR-iň Ministrler Sowetiniň başlygy boldy. Dürli wezipelerde işledi. 2003-2023-nji ýyllarda Federasiýa Geňeşiniň agzasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Aleksandra Pahmutowa 95 ýaşady
Hakas Türkçesi
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler
Gurbanguly Berdimuhamedow we Walentina Matwiýenko telefon arkaly söhbetdeş boldular
Putin Prezident saýlawyna gatnaşar