Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna Federal Ýygnagyň döredilmeginiň we Russiýanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi, şeýle hem ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlament Assambleýasynyň geňeşiniň Başlygy wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady.

Söhbetdeşligiň barşynda ynsanperwer ulgamda we halk diplomatiýasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigi aýdyldy hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak, olaryň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, özara hormat goýmagy, ynanyşmagy berkitmäge ýardam bermek üçin iki tarapyň hem mundan beýläk-de zerur şertleri döretmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy öz gezeginde rus tarapynyň iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňi dowam edip, söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-durmuş ulgamynda bilelikdäki hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” forumynyň çäginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkidýär
Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Matwiýenko Türkiyä sapar gurar
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar