Russiýada Prezident saýlawlarynyň güni bellendi

Russiýada Prezident saýlawlarynyň güni bellendi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlary 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçer. Bu barada degişli kanun ýurduň Federasiýa Geňeşiniň plenar ýygnagynda kabul edildi, ol resmi çap edilen gününden başlap güýje girýär. Bu barada MIR 24 ýazýar.

Karar biragyzdan kabul edildi, onuň üçin senatorlaryň 162-si ses berdi.

Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň aýtmagyna görä, Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň güni boýunça kabul edilen çözgüt saýlawdan öňki tutuma badalga berýär.

Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa ýygnakda eden çykyşynda golaý wagtda MSK tarapyndan saýlawlarda ses berlişigi üç günüň dowamynda 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirmek barada kararyň kabul ediljekdigini habar berdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” forumynyň çäginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkidýär
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERAL GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony gutlady
Mähirli gutlag
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi