Mähirli gutlag

Mähirli gutlag

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Bu belent sylag Siziň uzak ýyllaryň dowamynda dürli döwlet wezipelerinde tapawutly zähmet çekmegiňiziň, şeýle hem Russiýanyň hemmetaraplaýyn ösmegine saldamly goşandyňyzyň ykrary bolup durýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Türkmenistana bolan ýürekden dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryňyz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin diýlip, hatda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçirilen “Moda Arkalaşygy” forumynyň çäginde ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkidýär
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony gutlady
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERAL GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Telefon arkaly söhbetdeşlik