12-nji marta bellenilen prezidentlik saýlawlara Türkmenistanlylar nähili baha berýärler?

12-nji marta bellenilen prezidentlik saýlawlara Türkmenistanlylar nähili baha berýärler?

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda açylan adatdan daşary mejlisinde häzirki wagtlaýyn prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň irki saýlawlaryň geçiriljekdigini gyýtaklaýyn habar bermegi,12-nji fewralda Merkezi bolsa, saýlaw toparyna salgylanyp, ilki daşary ýurt mediasynyň Türkmenistanda irki prezidentlik saýlawlarynyň 12-nji martda geçiriljekdigini yglan etmegi we ýurdyň Demokratik partiýasynyň wagtlaýyn prezidentiň ýeke-täk oglyny iň ýokary wezipä dalaşgär hödürlemegi bu babatda käbir synçylaryň çaklamalarynyň dogrydygyny subut etdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary wagtyndan öň geçirilýän prezidentlik saýlawlar bilen ilteşikli käbir türkmen raýatlarynyň pikirlerini soradylar:

Maral student: “Men bu saýlawlar netijesinde, ýaş adamlaryň döwleti dolandyrmaga başlamagyny gowy garşylaýaryn. Çünki, häzirki ähli zat tehnologiýanyň gazananlaryna bagly global dünýäde gujurly ýaşlaryň olary tiz wagtda özleşdirjekdigine ynanýaryn.

Başga tarapdan, ýaş adamlar sosial medianyň saýasynda dürli pikirlere gulak asmasa, edilýän belliklerden ýa-da tankytlardan dogry netije çykarmasa, başga çykalgasynyň azdygyny gowy bilýärler diýip oýlanýaryn.Iň möhümi-de, ýaş ýolbaşçylar döwrüň talaplaryna eýermeseler, onda ne öz ýurdunda ne-de dünýäniň ösen döwletlerinde “gujak açylmajakdykgyny” gowy düşünýärler we düşünmeli.

Mençe “demir ýumruga” daýanylýan zamanadan “oba göçdi”.Galanynam, wagt görkezer ”.

Hangeldi, hasapçy: “Şu günki Türkmenistandaky syýasy wakalara känbir geň galamok.Sebäbi, Türkmenistan garaşsyzlyga çykandan soňky 30 ýylda saýlawlar bilen bagly bolup geçen “sahnalar” gaýtalanýar. Şol bir sahna boýunça halkymyzyň, dünýä jemgiýetçiliginiň “gözüne çöp atmak” üçin birnäçe dalaşgär hödürläp, hamana, saýlawlaryň bäsleşikli geçendigini yglan edýärler. Şol saýlawlaryň “oýundygyny” diňe bir türkmen raýatlary däl-de, dünýä jemgyýetçiligi hem gowy bilýär ahyryn.

Iň gynandyryjy ýeri-de, Halkara guramalary hamana, şeýle saýlawlaryň Türkmenistan üçin kadaly bir zatdygy şeklinde kabul edýärler.Muny geçen 30 ýyldaky “saýlawlarda” görüp geldik.Bu gezegem ondan üýtgeşik zadyň boljakdygyna garaşmaýaryn.

Mençe, her kim öz oýnuny oýnar we ahyrynda kösenjek ýene-de halkymyz bolar”.

Bagdagül, öý hojalykçy:

“Meniň saýlawlardan we ýaş ýolbaşçylardan umydym az däl.Olar öz halkynyň 30 ýyllap çeken kynçylyklaryny gowy bilýärler we ene-atasynyň başdan geçiren ýeter-ýetmezçiliklerini öz gözleri bilen gördüler ahyryn.

Hut şonuň üçin-de,olar diňe sözde däl-de, hakyky işlerinde hem halka bähbitli ädimleri ätjekdigine, aýlyklary, ýadawsyz işlejekdiklerine ynanasym gelýär.Nesip bolsa, olar meniň ýaly eneleriň umytlaryny puja çykarmazlar”.

Şamyrat, aktiwist: “Men irki saýlawlary “bir aktiýorly teatr” atlandyrmakçy.Sebäbi, başga söz tapamok.Iň gynandyrýan ýeri bolsa,bu sahnany gurnaýanlaryň ilkinji nobatda, uly Berdimuhamedowyň “ýüzüniň gyzarmaýandygy”.

Eýse, biz türkmenler şeýle gorkak ýa biperwaý boldukmy?Bütin dünýäniň halklary öz hak-hukuklaryny talap edip, gije-gündiz göreşýärler.Biziň halk bolsa,ummasyz tebigy baýlyklara eýedigine garamazdan, Türkiýede,Russiýada, BAE-de we beýleki çet ýurtlarda “batraklyk” edýärler. Emma, “depesinde şänik döwselerem” sesini çykarmaýarlar. Elbetde, Günbataryň we Ýewropanyň demokratik döwletleri hem Türkmenistanyň ummasyz tebigy baýlyklaryna “göz gyzdyryp” we geýografiýa taýdan ähmiýetli sebitde ýerleşýändigi üçin Türkmenistandaky hökmürowan rejime garşy edil Belarusa çalymdaş gadaganlyklary ulanmaýarlar.

Başga tarapdan, Watan bize gerek.Eger biz halk bolup, Türkmenistandaky bikanunçylyklara, eden-etdiliklere ‘dur diýmesek‘, onda muňa meňzeş “sahnalaşdyrylan saýlawlar” ýyllarça dowam eder.Olary gurnaýanlar bolsa,halka Agyryňa çydasaň müň ýaşa’ diýerler.

Meniň pikirimçe–adalatly saýlawlaryň geçiirlmegini gazanmagam, bol-elinlikde ýaşamagam halkyň elinde.Olary daşardan hiç kim bize getirip bermez.Muňa düşünerçe wagt bolmadymy?”

The post 12-nji marta bellenilen prezidentlik saýlawlara Türkmenistanlylar nähili baha berýärler? first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
“Ahal” ýagy geçmeýän harytlar bilen goşulyp satylýar
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň uçurymlarynyň işleriniň sergisi açyldy