Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň uçurymlarynyň işleriniň sergisi açyldy

Aşgabadyň Başim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň howlusynda şu günler Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan işleriň sergisi görkezilýär. Olaryň awtorlary mekdebiň 2019-njy ýyldaky uçurymlarydyr. Geljegini şekillendiriş sungaty bilen baglamajak ýentginjekler üçin bu sergi olaryň soňky—diplom işleridi. Emma çeperçilik ugrundan bilimini dowam etmegi niýet edinen oglanjyklardyr gyzjagazlaryň hem mekdebi terk edesi gelmeýärdi.

2019-njy ýylyň uçurymlarynyň her biri “Ak şäherim - Aşgabat” temasyny özüçe beýan edipdir.Sergidäki dürli tilsimde ýerine ýetirilen işler mekdebiň okuwçylarynyň döredijilik mümkinçiligniň ulydygyny görkezdi.Myhmanlar, ýagny olaryň dost-ýarlarydyr ata-eneleri, Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň wekilleri žiwopis, heýkeltaraşlyk, zergärlik, halyçylyk ýaly žanrlarda döredilen işleriň 63-si bilen tanyşdylar.

Olara baha goýulmaýardy, iň gowy işleriň bäsleşigi geçirilmese-de, awtorlar myhmanlaryň garaýyşlaryna siňňin syn edýärdiler.

Işleriň käbiri, dogrudanam, ünsüňi özüne çekýärdi. Mysal üçin, Aýna Annagulyýewanyň “Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýewiň portreti” suraty halypanyň ussahanasyna sapar wagty çekilen bolsa gerek. Grafiki işiň belli heýkeltaraş bilen meňzeşligi suratyň aşagyndaky ýazga seretmeseňem mese-mälim görnüp durdy.

Wýaçeslaw Rodiniň “Sirk” atly çeper suratynyň ýordumynda haýran galdyryjy tilsimleri ýerine ýetirýän dogumly iki gyzyň dartgynly çykyşy görkezilýär. Nurýagdy Kakageldiýewiň reňkli galamlarda çekilen “Motosiklet ýaryşy” suraty türgenleriň çekeleşikli bäsleşigini beýan edýär.

Aýlar Hojakowanyň “Dutarçy gyzlar” portreti gözelligi we joşgunlylygy bilen özüne bendi edýär. Mekan Paşagulyýewiň “Dag manzary” işi tebigat gözelligine aşyklary öz ýanynda egleýär.

Sergä tomaş edip ýörkäk hoş habaryň şaýady bolduk. Çeperçilik mekdebiniň müdiri Güljemile Orazgeldiýewa okuwçylaryň ýedisiniň “Daşkent şatlygy” Çagalar sungatynyň VII halkara bäsleşiginiň sertifikatyna mynasyp bolandygyny, olaryň ikisniň Bagdagül Meredowa bilen Meňli Serhenowanyň şu ýylky uçurymlardygyny habar berdi. Bu ýere gelenleriň şowhunly el çarpmalary bilen birlikde gyzjagazlara sertifikatlar gowşuryldy.

-Biz Ýaponiýada, Müsürde we Çehiýada geçirilen bäsleşikleriň netijelerine garaşýarys. Halkara çärelerine gatnaşmaklary çagalaryň döredijiligini kämilleşdirmegine höwes döredýär we olaryň gözýetimini giňeldýär—diýip Güljemile Amanowna gürrüň berýär.

Basym Bäşim Nuraly adyndaky mekdebe girmäge dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlanar. Zehinli oglanjyklardyr gyzjagazlar tejribeli mugallymlardan öz duýgylaryny çeperçilik serişdeler arkaly beýan etmegi öwrenerler.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
“Ahal” ýagy geçmeýän harytlar bilen goşulyp satylýar
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi