12-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy, Türkmenistan we GDA hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar, Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda sebiti ösdürmegiň, hususan-da, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini giňden dabaralandyrmagyň meselelerine aýratyn üns çekildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

2.Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GDA bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we şu ýyl geçiriljek bilelikdäki çäreleriň tertibi ylalaşyldy. 3.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Er-Riýad şaherinde geçirilen Dag magdany boýunça üçünji halkara sergi-maslahatynyň işine gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti ministrler derejesinde geçirilen tegelek stol maslahatyna we dürli mowzuklaýyn mejlisleriň işine işjeň gatnaşdy.

Mejlislerde dag magdan önümçiliginiň gelejegi hem-de önümçiligiň tebigata ýetirýän zyýananyň aňrybaş derejede azaldylmagy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

4. Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda BMG-niň daşky gurşaw boýunça Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan tematiki okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Maslahatlar Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň hersiniň mazmuny, wezipeleri we manysy bilen içgin tanyşdyrmak maksady bilen, institutyň talyplary we mugallymlary üçin geçirildi.

5.Türkmengaz döwlet konserniniň gazçylary Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän Ýylan gaz käniniň 2-nji buraw guýusynda senagat gaz akymyny aldylar.Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýudan her gün düzüminde kükürtli wodorod bolmadyk 820 müň kub metrden gowrak arassa gaz alynýar.

Senagat taýdan ähmiýetli bolan mawy ýangyjyň akymy 2856 metrden 2852 metre çenli çuňlukda alyndy.Dünýäde 6.Gazagystanly lukmanlar uzak möhletli organ transplantasiýasy üçin özboluşly enjam döretdiler.Ol diňe bir donorlyk organlary bir günden gowrak saklamaga däl-de, hatda olary bedeniň daşynda bejermäge hem mümkinçilik berýär.

Bu özboluşly enjamyň dünýäde deňi-taýy ýokdur.Bu ýyl alymlar täze enjamyň kliniki synaglaryny geçirerler we köpçülikleýin önümçilige taýýarlarlar. 7.Dublin şäheri ýaşaýjylarynyň 2023-nji ýylda ulag dyknyşyklarynda geçiren wagtynyň möçberi babatda dünýä şäherleriniň sanawynda ilkinji orny eýeledi.

Geçen ýylda Irlandiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary ulag dyknyşyklarynda 158 sagady ýitiripdirler. Ýolda sarp edilýän wagt ulaglaryň ýoklugy bilen deňeşdirilende, 66% ýokarlandy, bu hem dürli şäherleriň arasynda rekord boldy.Sport habarlary 8. Şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty Şir Merdana toparlarynyň arasyndaky oýun bilen başlandy.

Onda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň topary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.Milli çempionatyň duşuşyklary Galkan gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda geçirilýär. Şeýle hem oýunlary geçirmek üçin Milli olimpiýa sport köşgüniň we Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň buz meýdançalaryny ulanmak meýilleşdirilýär. 9.

Katarda geçiriljek Aziýa kubogynyň ýer eýeleriniň we Liwanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda geçiriljek açylyş duşuşygyna gözegçilik etmek eýranly emin Alireza Faganä ynanyldy.Fagani üçin bu ýaryş yzly-yzyna üçünji, Katar bilen Liwanyň arasyndaky oýun bolsa Aziýa kubogyndaky sekizinji duşuşyk bolar.

Faganä kömek etmek üçin Awstraliýa we Koreýa Respublikasyndan halkara topar bellenildi.AFK ýaryşlarynyň taryhynda ilkinji gezek zenan emin awstraliýaly Margaret Jeýswiç VAR emini bolup işlär.Aziýa kubogynyň 12-nji ýanwarda Katarda başlanýandygyny ýatladýarys.

Katar we Liwan ýaryşyň ilkinji oýnuny Doha şäherindäki Lusail stadionynda geçirerler.Başlangyç jürlewük sesi Aşgabat wagty sagat 23:00-da ýaňlanar.

Ýene degişli makalalar

Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Aziýa kubogynyň açylyş duşuşygynda Katar Liwany uly hasap bilen ýeňdi
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal