Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar

Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar

AFK-nyň resmi saýty Aziýanyň kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygynda eýranly hünärmen Alireza Faganiniň emin boljakdygyny habar berdi. Bu duşuşyk ýer eýeleri bolan Kataryň we Liwanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Şeýlelikde, Fagani Aziýa kubogynda sekizinji duşuşygyny geçirer. Ol bu netije bilen yklymyň iň iri futbol baýramçylygynda iň köp duşuşyk alyp baran eminleriň sanawynda AFK-nyň eminler bölüminiň müdiri Şamsul Maidin bilen bilelikde üçünji orna çykar. Ikinji orundaky kuweýtli emin Saad Kamil 9, birinji orundaky özbegistanly hünärmen Rawşan Irmatow 14 duşuşyk alyp barypdy.

Fana kömekçi bolmak awstraliýaly we koreýaly eminlere ynanyldy. Awstraliýaly Margaret Ýaswiç Aziýa kubogynda VAR emini boljak ilkinji zenan hünärmen bolarr.

Açylyş duşuşygynda Aziýa kubogynyň taryhynda ilkinji gezek ýarym ofsaýt ulgamyndan hem peýdalanylar. Şeýle hem ýaryşyň ähli duşuşyklarynda VAR ulgamyndan peýdalanylar.

Aziýa kubogynyň 12-nji ýanwar güni Katarda başlanjakdygyny ýatladýarys. Katar bilen Liwanyň ýygyndylarynyň arasyndaky açylyş duşuşygy Lusail stadionynda geçiriler. Eýranly emin açylyş duşuşygynyň başlangyç jürlewügini sagat 21-de çalar.

Ýene degişli makalalar

TFF-niň ýolbaşçylary CAFA-nyň VI gurultaýyna gatnaşdylar
2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň futbolyna näme garaşýar
Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar
CAFA ― 2023-e gatnaşjak ýygyndylar wekilçiligini 31-nji marta çenli tassyklamaly
Özbegistanly emin Dünýä Kubogynda rekordyň eýesidir (Dünýä Kubogynyň rekordlary)
TFF Ýewropanyň hem-de Aziýanyň türki dilli ýurtlarynyň futbol assosiasiýalarynyň maslahatyna gatnaşdy