Çempion jogap oýnunda belli bolar

Aziýanyň futbol klublarynyň iň uly bäsleşigi bolan AFK Çempionlar ligasynda finalyň 1-nji duşuşygy Er-Riýad şäherinde oýnaldy.Saud Arabystanynyň “Al Hilaly” bilen Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” toparlarynyň arasyndaky bu duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. 7-nji minutda Rafael Silwa bilen öňe saýlanan myhmanlaryň torundan jogap pökgüsini 37-nji minutda Omar Kribin derwezä girizdi.

Duşuşyga 59136 janköýer tomaşa edip, oýunda iordaniýaly Adham Makhadmeh jürlewük çaldy.Finalyň jogap duşuşygy-da şu gün, ýagny 25-nji noýabrda “Urawa Red Daýmondsyň” meýdançasynda, Saitama şäherinde oýnalar.

Bu duşuşyga özbegistanly Irmatow eminlik eder.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
Mançester Siti dünýäniň klublaýyn çempionatynyň finalyna çykdy
“Şanhaý SIPG” ýarym finalyň bosagasynda
“Al-Hilal” 6-njy, “Urawa Red” 2-nji gezek finalda
10 ýyldan soň 2-nji gezek