10 ýyldan soň 2-nji gezek

AFK Çempionlar ligasynda ýapon topary “Urawa Red Daýmonds” çempion boldy.Ol finalda Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” toparyny jogap duşuşygynda 10 hasabynda ýeňip, taryhynda 2-nji gezek kubogy eýeledi. Ýaponlara ýeňiş getirene ýeke-täk goly 88-nji minutda Rafael Silwa derwezä girizdi.

Mälim bolşy ýaly, Er-Riýaddaky 1-nji duşuşyk 11 tamamlanypdy. Şeýlelikde, “Urawa Red Daýmonds” 2007-nji ýyldan soň, 2-nji ýola yklymyň iň uly kubogyny gazanmagy başardy.Bu üstünlik ýapon toparlarynyň şu ýaryşdaky 6-njy çempionlygydyr. 2 sapar kubogy eýelän “Al-Hilal” bolsa, 4-nji gezek finaldan eli boş gaýtdy. Ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, çempion toparyň ýyldyzy Ýosuke Kaşiwagi saýlandy. 10 gol geçiren “Al-Hilalyň” siriýaly hüjümçisi Omar Karbin iň netijeli hüjümçi baýragyny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy
Al-Hilal hokkeýçe hasapda Al-Duhaýly ýeňip, AFK Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Urawa Red Daýmonds üçünji gezek Aziýanyň çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler