AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ähli pleý-offçulary mälim boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Gündogar sebitinde hem 6-njy tapgyryň duşuşyklarynyň tamamlanmagy bilen, ýaryşyň pleý-off tapgyryna gatnaşjak ähli toparlar belli boldy.

Duşuşyklaryň netijelerinden soňra Gündogar sebitden Koreýa Respublikasynyň Tegu, Çonbuk Hýonde Motors, Ýaponiýanyň Ýokogama F.Marinos, Wissel Kobe, Urawa Red Daýmonds, Taýlandyň Bi Ji Pathum Ýunaýted, Malaýziýanyň Johor Darul Tazim we Gonkongyň Kitçi toparlary ýaryşyň 1/8 finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Mundan ozal Günbatar sebitde Saud Arabystanynyň Al-Hilal, Aş-Şabab, Al-Feýsali, Kataryň Er-Raýýan, Al-Duhail, Özbegistanyň Nasaf, Birleşen Arap Emirlikleriniň Şabab Al-Ahli we Eýranyň Fulad toparlarynyň pleý-off tapgyryna hukuk gazanandygyny ýatladýarys.

1/8 finalyň duşuşyklary Gündogar sebitde şu ýylyň 18 ― 19-njy awgustynda, Günbatarda bolsa 2023-nji ýylyň 3-nji ýa-da 4-nji fewralynda bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Futbol täzelikleri
AFK-nyň Çempionlar ligasynda ähli toparçalar doly düzüldi
Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri
Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy