Futbol täzelikleri

Häzirki wagtda Ýaponiýanyň “Wissel Kobe” toparynda oýnaýan ispaniýaly hüjümçi Dawid Willa möwsümiň ahyrynda futboly taşlajakdygyny habar berdi. 37 ýaşyndaky hüjümçi “Saragosada” futbola başlap, soňlugy bilen “Walensiýa”, “Barselona”, “Atletiko”, “Nýu Ýork Siti, “Melburn Siti” klublarynyň köýnekçesini geýdi. Willa Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Ýewropanyň hem-de Dünýäniň çempiony boldy.

Demirgazyk Amerikanyň çempionaty MLS-da 2019-njy ýylyň çempiony belli boldy. “Sietl Saunders” Sietl şäherinde oýnalan finalda Kanadanyň “Toronto” toparyndan 31 üstün çykdy (Lirdam 57, Rodriges 76, Ruidiaz 90 — Altidor 90+3). “Sietl Saunders” MLS-iň taryhynda 2016-njy ýyldan soň, 2-nji gezek çempion boldy.

“Real Madrid” klubunyň horwatiýaly oýunçysy Luka Modriç “Altyn aýak” (Golden Foot) baýragy bilen sylaglandy. Modriç 28 ýaşdan uly bolan futbolçylara Monako şalygy tarapyndan gowşurylýan bu baýrak ugrunda Ronaldo, Messi, Kiellini, Pike, Ramos, Aguero, T. Silwa, Runi, Lewandowski ýaly futbolçylardan öňe saýlandy.

Sudamerikano kubogy ýaryşynda (Günorta Amerika) Ekwadoryň “Independiente del Walle” topary çempion boldy. Olar Paragwaýda oýnalan finalda Argentinanyň “Kolon” toparyny 31 ýeňip (Leon 24, Sançes 41, Daýome 90+5 — Oliwera 88), bu ýaryşdaky ilkinji çempionlygyny gazandy.

AFK Çempionlar ligasynda finalyň 1-nji duşuşygy geçirildi. “Al-Hilal” (Saud Arabystany) topary öz meýdançasynda “Urawa Red Daýmonds” (Ýaponiýa) toparyny Andre Karillonyň 60-njy minutdaky goly bilen 10 utdy. Jogap oýny 24-nji noýabrda Ýaponiýada oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Messi ýok, ýeňşem ýok
Şu ýyl täzelenilip biljek rekordlar
Iň gymmat şertnama
Sport habarlary
Sport habarlary
FUTBOL TÄZELIKLERI