Iň gymmat şertnama

Meksikaly meşhur boksçy, orta agramda WBA we WBC guşaklarynyň eýesi Saul Alwares sportuň taryhyndaky iň gymmat şertnama gol çekdi.Ol merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän DAZN internet ýaýlym platformasy bilen 5 ýylyň dowamynda geçirmegi göz öňünde tutýan 11 tutluşygyny ýaýlyma bermek hukugy üçin 365 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Şeýlelikde, 28 ýaşly “Canelo” lakamly boksçy sport taryhynyň iň gymmat şertnamasynyň eýesi bolup, ondan öňki rekord Amerikan Beýsbol Ligasynyň (MLS) toparlaryndan “Maýami Marlinsiň” oýunçysy Jiankarlo Stantona degişlidi.

Ol 2014-nji ýylda topary bilen 325 million dollara şertnamasyny 7 ýyllyk uzaldypdy.Karýerasy boýunça 50 tutluşykda ýeňiş gazanan (1 deňlik, 2 ýeňliş) Saul Alwares WBA-nyň super orta agram derejesiniň guşagy üçin 15-nji dekabrda Nýu Ýorkda angliýaly Roki Filding bilen ringe çykar.

Ýene degişli makalalar

Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi
Biwol Alwaresi ýeňip, WBA boýunça dünýäniň çempiony titulyny gorady
Alwares Golowkini ýeňip, dünýäniň absolýut çempiony adyny saklap galdy
ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy
Forbes ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi