Gysga setirlerde: 15-nji fewralda sport habarlary

Gysga setirlerde: 15-nji fewralda sport habarlary

ÝÇL. 13-nji fewral agşamynda Real Madrid myhmançylykda Leýpsigi 1:0 hasabynda ýeňdi.Duşuşykdajky ýeke-täk goly 48-nji minutda Braim Dias geçirdi. Şeýle hem şol gün Mançester Siti myhmançylykda Kopengagenden 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňiji toparyň gollaryny 10-njy minutda de Brýuýne, 45-nji minutda Bernardu Silwa, 90-njy minutda Foden geçirdi. Ýer eýelerinde bolsa 34-nji minutda Mattson tapawutlandy.

Boks. Saul Alwares nobatdaky tutluşygyny 5-nji maý güni Žermall Çarlo bilen geçirer. Häzirki wagtda Alwares superorta, Çarlo bolsa orta agramyň çempiony.

UFC. Aleks Wolkanowski Iliýa Topuriýa bilen geçirjek tutluşygynyň türgenleşiklerini tamamlady. Ol bu barada jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi. Bu tutluşyk 18-nji fewralda geçiriler.

Futbol. Real Madridiň derwezeçisi Andreý Lunin UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynda toparda seýw etmek boýunça rekordy gaýtalady. Ol 13-nji fewralda geçirilen duşuşykda 9 gezek seýw etdi. Mundan ozal seýwleriň şeýle sanyna diňe Tibo Kurtua ýetip bilipdi.

MMA. Dana Uaýt UFC 300 gijesiniň merkezi tutluşygynyň kimleriň arasynda geçiriljekdigini UFC 298 gijesinden soň geçiriljek metbugat maslahatynda mälim etjekdigini aýtdy. UFC 298 18-nji fewralda geçiriler. Onuň merkezi tutluşygy Aleks Wolkanowski bilen Iliýa Topuriýanyň arasynda bolar.

Futbol / UFC. Al-Nassryň kapitany Kriştianu Ronaldu UFC-niň çempiony Aleks Wolkanowskä Iliýa Topuriýa bilen boljak tutluşykda üstünlik diledi. Ol jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan: Öňe, çempion! diýip ýazdy.

Tennis. Dünýäniň bäşinji raketkasy Andreý Rublýow Niderlandlaryň Rotterdam şäherinde geçirilýän ATP-niň ýaryşyna üstünlikli girişdi. Ol ilkinji duşuşygynda 132-nji ornuň eýesi, belgiýaly tennisçi Zizu Bergsi 2:0 hasabynda ýeňdi.

UFC. Ýarymorta agram derejesinde çempionlyk guşagyna dalaşgär Bilal Muhammet UFC 300 gijesinde tutluşyk geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Ol iň soňky tutluşygyny geçen ýylyň 6-njy maýynda Gilbert Býörns bilen geçirip, ony utuklar arkaly ýeňipdi.

Tennis. Dünýäniň dördünji raketkasy Ýelena Ribakina Dohada geçirilýän ýaryşa ýeňiş bilen girişdi. Ol ilkinji duşuşygynda sanawyň 57-nji basgançagyndaky garşydaşy, hytaýly tennisçi Çžu Lini 6/2, 6/1 hasaplary bilen ýeňdi. Ribakinanyň indiki garşydaşy amerikaly tennisçi Emma Nawarro bolar. Ol belgiýaly Eliza Mertensden üstün çykdy.

Futbol. Aziýa kubogynyň Iordaniýa ― Koreýa Respublikasy duşuşygyndan öň koreýaly futbolçylaryň arasynda dawa turdy. Kapitan Son Hyn Min PSŽ-niň futbolçysy Li Kan In bilen dawalaşdy. Hatda iki futbolçy ýaka tutuşmaga çenli bardy. Dawany derrew beýleki ýoldaşlarynyň aýyrmagyna garamazdan, Miniň barmagyna şikes ýetdi. Onuň Iordaniýa bilen oýunda barmaklaryny sarap oýnamagynyň sebäbi hem şundan.

Ýene degişli makalalar

Golowkin ýene Alwarezden ýeňildi
Alwares Golowkini ýeňip, dünýäniň absolýut çempiony adyny saklap galdy
ESPN: Biwol ýylyň iň gowy boksçysy
Forbes ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawyny yglan etdi
Syýahatçylaryň saýlan iň oňat şäherleri
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar