Apet howa ulagy

2009-njy ýylda gurluşygyna başlanan dünýäniň ilkinji amfibiýa uçary synagdan geçirildi. “AG600” atly uçar Çžuhaý şäherinde geçirilen synagda bir sagatlap uçdy.Gury ýere we deňze gonup bilýän uçar ýük gatnatmakda, ýangyn söndürmekde we halas ediş işlerinde peýdalanylar.

Kölden ýa-da deňizden 20 sekuntda 12 tonna suwy çekip bilýän uçar ony 4 müň inedördül metre pürküp bilýär.Uçara 4 sany Hytaýda öndürilen WJ-6 hereketlendiriji oturdyldy.

Ol ýüki bilen hasaplananda, 53,5 tonna agram bilen howa göterilip bilýär.Onuň ululygy “Boeing 737”-den has uly bolup, amfibiýa uçarlarynyň hem iň ulusy bolar.Häzirki wagtda ýaponlaryň “ShinMaywa US-2” we ruslaryň “Beriýew Be-200” modelleri iň uly amfibiýa uçarlary hasaplanýar.

Bu uçaryň halas ediş işleri üçin niýetlenen modeli 50 orunlyk ýolagçyny gatnatmaga niýetlener.Eýýäm uçardan 17 sanysy sargyt edilipdir.Hytaý golaýda “Y-20” ýük ulagyny hem-de “C919” kiçi göwrümli ýolagçy uçaryny tanyşdyrypdy.

Kenarýakasy 18 müň km-e barabar bolan Hytaýa 6 müň 500 töweregi ada degişli.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň aeroportynda azyndan 20 ýolagçy Stambul uçaryna 'goýberilmedi'
Hindistanly sportsmenler türkmenistanly guramaçylar sebäpli Aşgabada baryp bilmediler
Türkmenabadyň halkara aeroportunyň gurluşygy tamamlandy
Türkmenistanda ýaş adamlary halkara reýslerinden alyp galýarlar
Migrasiýa gullugynyň başlygyna aeroportda ýogalan aýal sebäpli käýelen bolmagy mümkin
ÝHHG türkmen emeldarlaryna zähmet migrasiýasyny ykdysadyýeti ösdürmek üçin ulanmagy öwredýär