Aşgabadyň aeroportynda azyndan 20 ýolagçy Stambul uçaryna 'goýberilmedi'

Aşgabadyň aeroportynda azyndan 20 ýolagçy Stambul uçaryna 'goýberilmedi'

Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň syýahat mümkinçiliklerini “hiç hili düşündiriş bermezden” çäklendirmek arkaly, olara ýurtdan çykmaga rugsat bermeýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

WhatsApp sosial ulgamy arkaly Azatlyk Radiosyna gelip gowşan maglumatda 6-njy awgustda azyndan 20 ýolagçynyň Türkhowaýollary kompaniýasynyň 323 belgili gatnaw reýsi boýunça gije sagat 02:55-de we 325 belgili gatnaw reýsi boýunça irden 07:55-de Aşgabatdan Stambula uçýan uçara goýberilmändigi habar berilýär.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran WhatsApp ulanyjysy özüniň hem şol uçara goýberilmedik ýolagçylaryň biridigini aýdyp, Aşgabadyň halkara aeroportyndaky Migrasiýa resmileriniň özlerine hiç hili düşündiriş bermezden, öz ýaşaýan welaýatlaryna ugradandygyny belleýär.

“Ýolagçylaryň aglabasy Lebapdan we Daşoguzdan gelen türkmenistanlylardy. Her kim dürli sebäplere görä, Türkiýä gidip barýardy. Hiç birimize düşündiriş berilmedi. Tersine, olar bize siz öz welaýatlaryňyzdaky Migrasiýa gullugyna gidiň, şolar maňa jaň etsin’ diýip, üstümizden gülüp, kemsidip goýberdiler. Uçara goýberilmedik ýolagçylaryň tas ählisiniň diýen ýaly biletleri köýdi” diýip, ýolagçylaryň biri gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda Aşgabadyň halkara aeroportyndaky Migrasiýa resmileri bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

Emma bu waka Aşgabadyň aeroportynda Stambula uçýan käbir ýolagçylaryň "pul çekmäge" barýandygyndan şübhelenilip, soraga çekilýändigi barada habarlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Bir hepde çemesi ozal, Türkmenistandan Stambula baransoň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bir mugallym Aşgabadyň aeroportyndaky howpsuzlyk işgärleriniň özüni we käbir beýleki ýolagçylary soraga çekendigini aýdypdy.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran şol mugallym özlerine “Näme üçin Stambula barýaňyz? Näme gitmäge başga ýurt ýokmy? Işleýän ýeriňden daşary ýurda gitmegiňe rugsat berýän haty görkez? Ýanyňyzda näçe puluňyz bar? Kartdan pul çekmäge barýaňyzmy?” ýaly soraglaryň berlip, haýbat atylandygyny gürrüň beripdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Aşgabadyň aeroportyndan daşary ýurda uçjak türkmenistanlylaryň uçara goýberilmezligi bilen baglanyşykly habarlar mundan ozal hem peýda bolupdy.

Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň birnäçesi Aşgabatdan Stambula we Dubaýa uçmak isleýän türkmen raýatlarynyň ençemesiniň uçara münmegine rugsat berilmändigini habar beripdi.

Şonda bir raýat özüniň we beýleki ýolagçylaryň ähli resminamalarynyň hem-de iş we syýahat wizalarynyň bardygyna garamazdan, näme sebäpden ýurtdan çykarylmaýandygy barada, anyk resmi düşündiriş berilmändigini aýdyp, muňa derek, özlerine 2 ýyl türme tussaglygyna höküm etmek bilen haýbat atylandygyny gürrüň beripdi.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Aşgabat-Dubaý we Aşgabat-Stambul reýslerine goýberilmedik ýolagçylar soň ençeme gezek howpsuzlyk gullugyna soraga çagyrylypdyr. Şonda Azatlygyň güýç edaralaryndaky çeşmesi dörän ýagdaý bilen baglylykda, aýratyn-da Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şübheli görnüp biljek islendik adamy saklamak barada görkezmäniň bardygyny aýdypdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda, Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalyp gelýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän raýatlara aeroportda päsgelçilik döredilýär
Aeroportdaky bilet kassalary uçar biletleriniň söwdasynda 'araçylardan peýdalanýar, para alýar'
Gorky nädip döreýär?
Uçarda hödür edilýän tagamlar satuwa çykaryldy
Marynyň aeroportunda biletli ýolagçylaryň onlarçasy uçara goýberilmeýär
Almatynyň aeroporty Türkmenhowaýollaryndan’ nägile bolýar
Synagdan geçdi