Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy maýda wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Mergen Gurdowa käýinç yglan etdi.
Belki-de bu käýinç 28-nji maýda Aşgabat aerportunda bolan hadysa sebäpli yglan edilendir. Şol gün, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, 50 ýaşlaryndaky bir aýal ogly bilen aerporta gelýär we Stambula uçmakçy bolýar. Emma onyň uçara goýbermeýärler.
“Migrasiýa gullugynyň işgärleri onuň hamala geçen gezek Stambula gyzy bilen gidendigini we yzyna ýeke gelendigini, ýagny gyzyny Türkiýede goýup gaýdandygyny aýdypdyrlar. Migrasiýa gullugynyň işgäri ol aýala gygyrmaga başlady we ony ýurtdan goýbermejekdiklerini aýtdy” diýip, waka şaýat bolan gürrüň berdi
Uçara goýberilmedik aýalyň gan basyşy ýokarlandy we ýagdaýy ýaramazlaşdy, soň ol huşundan gitdi. Ony hasshana alyp gitdiler, ol şol ýerde jan berdi.
